12,5 müň ýyl ozal adamlar gadymy pilleriň beýnisinem iýipdir

Düýn, 12:024,025
1 / 4

Çiliniň O'Higgins sebitinde ýurduň Katolik uniwersitetinden Rafael Labarkanyň ýolbaşçylygyndaky arheologik ekspedisiýa möhüm tapyndynyň üstünden bardy. Gadymy Tagua-Tagua kölüniň gurap galan hanasynda alymlar toprakdan gomfoteriniň — häzirki zaman pilleriniň ýok bolup giden garyndaşynyň uly ýaşly bir wekiline degişli süňkleri gazyp çykardy.

Galyndylaryň ýaşy, takmynan, 12,5 müň ýyl diýlip çaklanylýar.

Gomfoteriýalar (Gomphotheriidae) holtumlylar toparyna degişli bolup, pilşekillileriň ata-babalary bilen baglanyşykly, häzirki wagtda ýok bolup giden süýdemdirijileriň maşgalasydyr. Olaryň agramy 3 tonnadan 6,7 tonna çenli bolup, boýy 3 metre ýetipdir. Olar otlar, ýapraklar we agaçlaryň gabygy bilen iýmitlenip, tebigy landşaftyň kemala gelmegine uly goşant goşupdyrlar. Bu haýwanlar Günorta Amerikada pleýstosen döwrüniň ahyryna çenli ýaşapdyrlar. Ozal tapylan galyndylar olaryň ýok bolup gitmezinden biraz öň adamlar bilen bir döwürde ýaşandygyny görkezýär.

Täze tapyndynyň iň gymmatly bölegi haýwanyň kelle süňküdir. Süňk dokumasyndaky yzlar kelleçanagyň ýörite açylandygyny aňladýar. Hünärmenleriň çaklamasyna görä, gadymy adamlar haýwanyň läşini pudarlanlarynda, ýokumly we ýokary kaloriýaly beýnini almak üçin kelleçanagy döwen bolmaly. Tapyndynyň takyk ýaşy entek radiouglerod seljermesi arkaly anyklanylýar, ýöne tapyndynyň ýerleşen gatlagy onuň, takmynan, 12,6–12,4 müň ýyl ozalky döwre degişlidigine şaýatlyk edýär.

Alymlar äpet süýdemdirijiniň galyndylarynyň golaýyndan gadymy atyň süňklerini, ýanan guş galyndylaryny we daş gurallaryny hem tapdylar. Bu tapyndylar ilkinji awçylaryň iýmitiniň dürli-dümen bolandygyny, şeýle hem olaryň Tagua-Tagua kölüniň töweregini wagtal-wagtal aw awlamak we iýmit ýygnamak üçin ulanandygyny tassyklaýar. Şeýle-de bolsa, bu jelegaý hemişelik oturymly ýer bolmandyr.

Geljekde geçiriljek barlaghana seljermeleri kelleçanagyň adamlar tarapyndan açylandygyny ýa-da däldigini anyklamaga kömek eder. Eger bu çaklama tassyklansa, alymlar gadymy adamlaryň öz sebitindäki iň iri haýwanlary awlaýyşlary we olaryň läşlerini pudarlaýyşlary barada gönümel subutnama alarlar.