Gazagystanly we beýik britaniýaly alymlar Gazagystanyň gündogarynda ýerleşýän Arkaly daglarynda ylma öň mälim bolmadyk gijeki kebelekleriň täze görnüşini ýüze çykardylar.
Täze görnüşe Scythobrya kozybayevi Volynkin & Titov diýip at berdiler.

Bu perwananyň ilkinji nusgalary 2013-nji ýylda Bakal jülgesinde tapylypdyr. Emma ilkibaşda olar ylma mälim bolan beýleki görnüşleriň hataryna goşulypdyr. Diňe takyk morfologik seljermeler geçirilenden soň, onuň aýratyn özbaşdak görnüşdigi belli boldy.
Täze görnüşiň ylmy beýany noýabr aýynda Entomological Studies atly ýöriteleşdirilen ylmy neşirde çap edildi.

Täze görnüş ýaprak iýýän gijeki kebelekleriň (Noctuidae) maşgalasyna we Bryophilinae kiçi maşgalasyna degişli. Ol gijelerine işjeň bolup, göze ilmeýän reňki bilen tapawutlanýar. Kebelegiň öň ganatlary goýy goňur, ala-mula nagyşly, yzky ganatlary bolsa has açyk reňkli. Bedeni çal-goňur öwüşgine eýe.
Täze görnüşiň ady onuň açyşyna gatnaşan gazagystanly alym Sergeý Titowyň, britaniýaly hünärmen Anton Wolynkiniň hem-de taryhçy Menaş Kozybaýewiň (1931–2002) hormatyna dakyldy.
Şu ýyl taryh ylymlarynyň doktory, akademik Menaş Kozybaýewiň doglan gününiň 95 ýyllygy bellenilýär.