Arheologlar Almaty şäherinde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda altyndan guýlan kiçijik aýy şekilli täsin bezegi tapdylar. Tapyndy şäheriň Nauryzbaý etrabyndaky Karagaýly gonamçylygynda ýerleşýän sak gorganyndan ýüze çykaryldy. Bu barada şäher häkimligi habar berdi.
Diametri 25–26 metre, beýikligi bolsa, takmynan, 2,5 metre deň bolan bu gorgan biziň eýýamymyzdan öňki IV–III asyrlara degişli diýlip hasaplanýar. Gadymy döwürlerde bu ýer talaňçylyga düşüpdir. Şonuň netijesinde, galan taryhy tapyndylar hem dürli ýerlere pytrapdyr.
Altyn bezegden başga-da, arheologlar saklaryň döwrüne degişli küýze bölejiklerini we adam süňklerini tapdylar. Ilkinji çaklamalara görä, bu gorganda dört sany uly ýaşly adam we üç çaga ýerlenen bolmagy ähtimal. Emma jaýlanan adamlaryň takyk sany entek anyklanylmady. Muny kesgitlemek üçin alymlar antropologlaryň gatnaşmagynda goşmaça barlaglary geçirmegi meýilleşdirýärler.

Aýy şekilli altyn bezegiň başgapda ulanylan bolmagy mümkin. Muny onuň ýüzündäki deşijekler hem tassyklaýar. Çaklamalara görä, şol deşijekler bezegi başgaba tikmek üçin niýetlenipdir.
Almaty muzeýler birleşiginiň müdiri Lýazzat Sagyndykowanyň aýtmagyna görä, Gazagystanda mundan ozal şeýle tapyndylar duş gelmändir.
«Bu tapyndy Gara deňziň kenarlaryndan Altaýa çenli uzap gidýän Ýewraziýa giňişligindäki medeni meňzeşlikleri öwrenmäge mümkinçilik berýär» diýip, ol aýratyn nygtaýar.
Jaýlanan adamlaryň sanynyň köplügi hem alymlaryň ünsüni çekdi. Almaty muzeýler birleşiginiň uly ylmy işgäri Marat Nurpeisowyň belleýşinden çen tutsaň, ölçeg taýdan şuňa meňzeş gorganlar, adatça, bir ýa-da iki adamy jaýlamak üçin niýetlenipdir.
Ylmy barlaglar we tapyndylary öwrenmek işleri tamamlanandan soň, olaryň iň gymmatlylary Almaty muzeýiniň sanawyna goşular.