Alymlar Älemiň başlangyç iki milliard ýylyny modelirläp görkezdiler

Şu gün, 08:441,557
1 / 4

Astrofizikler irki Älemiň iň uly kompýuter modelleriniň biri bolan Lumina-ny döretdiler. Bu model kosmosyň taryhynyň ilkinji iki milliard ýylyny dikeldip, adaty maddanyň, garaňky materiýanyň hem-de şöhlelenmäniň özara täsiriniň galaktikalaryň emele gelmegine nähili sebäp bolandygyny yzarlamaga mümkinçilik berýär.

Barlagyň netijeleri Monthly Notices of the Royal Astronomical Society atly ylmy žurnalda çap edildi.

Taslama Garward uniwersitetiniň Astrofizika merkeziniň we Smitson institutynyň gatnaşmagynda halkara alymlar topary tarapyndan işlenip düzüldi. Hasaplamalar üçin ABŞ-nyň Oak-Rij milli barlaghanasynda ýerleşýän Frontier superkompýuteriniň 15 müňden gowrak grafiki prosessory ulanyldy.

Älemiň ýaşy 1,5 milliard ýyl bolandaky ýagdaýynyň kesimi. Onuň ini, takmynan, 2 megaparsege, ýagny 6,52 million ýagtylyk ýylyna deňdir.

Modeli döretmek üçin zerur hasaplamalar bir ýyla golaý wagt aldy. Lumina-nyň göwrümi öňki deňeşdirip boljak modelleriň görkezijilerinden 100 esse köpdür.

Alymlar, esasan, gaýtadan ionlaşma hadysasyna üns berdiler. Bu hadysa ilkinji ýyldyzlaryň we işjeň galaktiki ýadrolaryň şöhlelenmesiniň galaktikalaryň arasyndaky gaz atomlaryndan elektronlary gopyp alýan döwrüni aňladýar. Netijede, gazyň temperaturasy we hereketi üýtgäp, soňra galaktikalaryň emele gelşine täsir edipdir.

Model wodorodda we gelide bolup geçýän üýtgeşmeleri hem bir wagtda yzarlamaga mümkinçilik berýär. Hasaplamalara görä, wodorodyň ionlaşmagynyň esasy çeşmesi ýyldyzlar bolupdyr. Geliniň soňraky ionlaşmagynda bolsa galaktikalaryň işjeň ýadrolary möhüm orun eýeläpdir.

Älemiň ýaşy, takmynan, 700 million ýyl bolan döwürde (gyzyl süýşme z = 7) ýyldyzlaryň emele gelmeginiň ilkinji alamatlary. Sary reňkli ýerler galaktikalaryň daşyndaky gyzgyn gaz köpürjiklerini, gara tegmiller bolsa sowuk sebitleri görkezýär.

Lumina diňe bir aýratyn hadysalary öwrenmäge däl, eýsem kosmosyň uly möçberli gurluşynyň emele gelşini hem seljermäge mümkinçilik berýär. Bu gurluş madda toplumlaryndan, olary birleşdirýän uzyn süýüm şekilli düzümlerden we ägirt uly boşluklardan ybaratdyr.

Taslamanyň awtorlary modeliň çaklamalaryny «Jeýms Webb» teleskopynyň we beýleki obserwatoriýalaryň gözegçilik netijeleri bilen deňeşdirmegi meýilleşdirýär. Bu bolsa häzirki nazaryýetleri barlamaga, ilkinji galaktikalaryň nähili emele gelendigini we irki Älemiň nähili üýtgändigini has takyk kesgitlemäge kömek eder.