Hytaýda dünýäde ilkinji ýüzýän emeli awtonom adanyň gurluşygyna girişildi. Taslamanyň bahasy, takmynan, 405 million dollar diýlip çaklanylýar. Bu barada South China Morning Post neşiri habar berýär.
Taslamany Şanhaýyň Szýaotun uniwersiteti Hytaýyň Döwlet gämi gurluşyk korporasiýasyna degişli kärhana bilen bilelikde durmuşa geçirýär. Gurluşygy 2030-njy ýylyň tomsuna çenli tamamlamak meýilleşdirilýär.
Ýüzýän ylmy-barlag toplumy açyk deňizde uzak wagtlap işlemäge niýetlenendir. Ony ýokary tehnologiýaly deňiz enjamlaryny synagdan geçirmek, taýfunlary ýakyndan öwrenmek we ummanyň ýagdaýyna gözegçilik etmek üçin ulanmak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem toplumyň mümkinçiliklerinden halkara ylmy guramalaryň we kärhanalaryň peýdalanmagyna şert dörediler.
Emeli adanyň uzynlygy 138 metre, ini 85 metre barabar bolar. Onuň esasy palubasy suwuň derejesinden 45 metr belentlikde ýerleşer. Bu bolsa, tas 15 gatly binanyň beýikligine deňdir.
Taslama laýyklykda, toplum 6–9 metr belentlikdäki tolkunlarda hem işläp, güýji 17 ballyk taýfunlara çydamly bolar.
Ýüzýän adada alty sany barlaghana ýerleşer. Olarda iri deňiz enjamlaryny işläp taýýarlamak, deňiz ekoulgamlarynyň ýagdaýyna uzak möhletleýin gözegçilik etmek we ummanda ýüze çykýan howply tebigy hadysalary meteorologik taýdan öwrenmek boýunça işler alnyp barlar.