Paleontologlar, takmynan, 237 million ýyl ozal deňiz gurşawynda ýaşan Gerrothorax maritimus atly gadymy amfibiýanyň aýratynlyklaryny öwrenip, ylmy taýdan beýan etdiler. Onuň süňkleriniň örän gowy saklanan iki sany doly nusgasy Hytaýyň Guýçžou welaýatynda tapyldy.
Alymlaryň pikiriçe, bu deňizde ýaşamaga doly uýgunlaşan amfibiýanyň (ýerde-suwda ýaşaýan jandaryň) bolandygyna şaýatlyk edýän ilkinji tapyndydyr.
Gerrothorax maritimus-yň uzynlygy tas 90 santimetre ýetipdir. Onuň göwresi ýaýbaň we ýasy bolup, süňk gapagyň içinde ýerleşipdir. Massasy häzirki äpet salamandralaryň agramyna, ýagny, takmynan, 25–30 kilograma deň bolupdyr.
Bu galyndylaryň tapylan ýeri trias döwründe suwuň aşagynda, uly gury ýer bölekleri bolsa ýüzlerçe kilometr uzaklykda ýerleşipdir. Jandaryň ystyhany, hatda barmaklaryna çenli diýen ýaly doly saklanyp galypdyr. Gözlegiň awtordaşlarynyň biri Rýosuke Motaniniň aýtmagyna görä, galyndylaryň şeýle gowy saklanmagy olaryň deňiz akymlary bilen uzak aralyga äkidilmändigini görkezýär.
Jandaryň deňizde ýaşandygyny geohimiki barlaglar hem tassyklaýar: galyndylardaky stronsiý izotoplarynyň gatnaşygy şol döwrüň deňiz suwundaky görkezijilere ýakyn bolup çykdy.

Alymlar onuň kelleçanagynyň we ystyhanynyň gurluşyna esaslanyp, G. maritimus-yň deňziň düýbünde ýaşap, öz awuny bukuda garaşyp tutandygyny çaklaýarlar. Ol häzirki deňiz düýbünde ýaşaýan wobbegong akulalary ýaly awuny suw bilen bilelikde sorupdyr. Süňk gapagy bolsa ony deňiz ýyrtyjylaryndan hem-de ihtiozawrlardan gorapdyr.
Alymlar amfibiýanyň nädip şor suwda ýaşap bilendigi hakda hem pikir ýöredýärler. Häzirki zaman ýerde-suwda ýaşaýan jandarlaryň derisi suw we gaz çalşygyna gatnaşsa-da, deňiz gurşawynda olaryň suw-duz deňagramlylygyny saklamasy kynlaşýar. Biziň döwrümizdäki ýerde-suwda ýaşaýan jandarlaryň deňiz görnüşleriniň köpüsi näbellidir.
Gözlegiň awtorlarynyň çaklamagyna görä, G. maritimus gapagy arkaly suw çalşygyny çäklendirip, artykmaç duzy žabralarynyň üsti bilen çykarypdyr. Şeýlelikde, ol suwy agzy bilen ýuwdupdyr. Ýöne bu hem häzirlikçe diňe ylmy çaklamalygyna galýar.
Gözlegiň netijeleri Nature Ecology & Evolution ylmy žurnalynda çap edildi.