Hytaýda 150 million ýyl ozal ýaşan ýiti dişli guşuň galyndylary tapyldy

Şu gün, 09:01978
1 / 2

Hytaýda, takmynan, 150 million ýyl ozal ýaşan we ähtimal uçup bilmedik gadymy guşuň täze görnüşi ýüze çykaryldy. Öň aýaklary gysga we uzyn süňk guýrukly guşuň awuny parçalamaga oňaýly ujy ýiti dişleriniň-de bolandygy anyklanyldy. Bu barada Earth.com neşiri habar berýär.

Täze görnüş Yuezhuornis yangyuanensis diýlip atlandyryldy. Onuň galyndylary 2024-nji ýylyň tomsunda Hytaýyň Fuszýan welaýatynda tapyldy. Alymlaryň çaklamasyna görä, bu guşuň agramy, takmynan, 821 gram bolup, öň aýaklary yzky aýaklaryndan üçden bir esse gysga eken.

Paleontologlaryň aýratyn ünsüni çeken zat guşuň äň gurluşy boldy. Onuň agzynyň öň tarapyndaky ownuk dişler biri-birine ýakyn ýerleşipdir. Beýleki dişleri bolsa ýasy, yza tarap egrelen we diýseň uşak kertikli bolupdyr. Guşlarda munuň ýaly diş gurluşy şu çaka çenli duş gelmändi.

Gadymy guşuň ýene bir aýratynlygy, onuň yzky aýagynyň ikinji barmagynyň hereketli bolaýmagynyň ähtimallygydyr. Bu barmak welosiraptor ýaly ýyrtyjy dinozawrlaryň käbir garyndaşlarynyňka meňzeýär. Emma degişli süňküň beýlekilerden aýry ýerde saklanyp galandygy sebäpli, onuň aýakdaky takyk ýerleşişi häzirlikçe belli däl.

Alymlar, guşuň nähili hereket edendigini anyklamak üçin, onuň aýaklarynyň ölçeglerini häzirki zaman guşlarynyň 377 görnüşiniň anatomiýasy bilen deňeşdirdiler. Iň uly meňzeşlik sülgünler maşgalasyna degişli ýerde ýaşaýan guşlarda ýüze çykdy. Bu bolsa Yuezhuornis yangyuanensis görnüşiniň iýmitini, esasan, ýerden gözläp tapandygyny çaklamaga esas berýär.

Guşlaryň uçup başlamagynyň syry

Bu açyş alymlary guşlaryň uçmak ukybynyň nähili kemala gelendigi baradaky meselä gaýtadan dolanmaga mejbur etdi. Ewolýusion ösüşiň çak edilýän şahasyna görä, täze tapylan görnüş häzirki zaman guşlaryna uçmak ukybynyň alamatlary bolan arheopteriksden has ýakyn bolupdyr.

Alymlar bu ýagdaýy iki hili düşündirýärler. Birinji çaklama görä, Yuezhuornis yangyuanensis görnüşiniň ata-babalary uçup bilipdir, emma soňky nesilleri bu ukybyny ýitiripdir. Ikinji çaklama bolsa, uçmak ukybynyň gadymy guşlaryň dürli ewolýusion şahalarynda özbaşdak ýüze çykandygyny öňe sürýär.

Häzirlikçe alymlar bu iki çaklamanyň haýsynyň dogrudygyny anyk aýdyp bilmeýärler. Sebäbi gutarnykly netijä gelmek üçin tapylan ýeke-täk we abat bolmadyk süňk galyndysy ýeterlik däl.