Alymlar Seýşel adalaryndaky ilatsyz Aldabra atolynda 180 000 töweregi äpet pyşbaganyň ýaşaýandygyny anyklady. Bu görkeziji 1990-njy ýyllaryň ahyrynda geçirilen öňki hasaplamalardan ep-esli ýokarydyr. Şol döwürde atoldaky pyşbagalaryň sany, takmynan, 100 000 diýlip çak edilýärdi.
XIX asyrda Ýewropadan gelen deňizçileriň täsiri bilen bu pyşbagalaryň sany ýiti azalyp, olara ýok bolup gitmek howpy abanypdyr. Şol döwürde adada müňden hem az pyşbaga galypdyr.
Barlag Seýşel adalarynyň gaznasynyň we Beýik Britaniýanyň Ekseter uniwersitetiniň hünärmenleri tarapyndan bäş ýylyň dowamynda geçirilen gözegçilikleriň netijesinde alnyp baryldy. Biologlaryň bellemegine görä, pyşbagalaryň sanynyň öňki çaklamalardan ep-esli ýokary bolmagy jandarlaryň gysga wagtyň içinde aşa köpelmegi bilen däl-de, eýsem, gür ösümlikleriň arasynda olary sanamagyň aýratynlyklary bilen baglanyşyklydyr.
«Aldabra atolynda äpet pyşbagalara gözegçilik etmek maksatnamasy sebitde iň uzak wagt bäri dowam etdirilýän ylmy taslamalaryň biridir. Emma adanyň käbir ýerlerinde ösümlik örtügi şeýle bir gür welin, pyşbagalary takyk sanamak aňsat däl» diýip, biolog Nensi Banberi düşündirdi.
Deňeşdirip aýtsak, takmynan, 98 müň ilaty bolan Seýşel adalarynda äpet pyşbagalaryň sany adamlaryň sanyndan tas iki esse köpdür.
«Aldabra atolynda 180 müň pyşbaga ýaşaýar. Bu san tebigaty goramak ugrunda köp ýyllaryň dowamynda alnyp barlan işleriň netijesiz däldiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bu Seýşel adalary, bütin dünýä we Aldabrany goramaga goşant goşan ähli adamlar üçin örän guwandyryjy habardyr» diýip, Seýşel adalarynyň gaznasynyň baş direktory doktor Frauke Flýaýşer-Dogli belledi.
Muňa garamazdan, äpet pyşbagalara abanýan howplar henizem aradan aýrylanok. Adalara daşyndan getirilen, ýumurtgalary we ondan çykan eteneleri awlaýan alakalar hem-de ýabany pişikler ýaly ýyrtyjylar howp salýar. Mundan başga-da, howanyň üýtgemegi, gurakçylygyň güýçlenmegi we deňiz derejesiniň ýokarlanmagy hem bu haýwanlaryň ýaşaýşyna öz täsirini ýetirýär.
«Tebigaty goramak boýunça hünärmenleriň zerur çäreleri öz wagtynda görüp bilmekleri üçin ýeterlik maglumat topladyk diýip umyt edýäris» diýip, barlagyň awtordaşy doktor Deýw Hadson sözüni jemledi.