Alymlar Jonatan atly äpet pyşbaganyň garry ýaşynda hem saglygyny saklamagyna kömek edip biljek biologik mehanizmleri öwrendiler.
Ýaşy, takmynan, 194 ýyl diýlip çaklanylýan bu uzak ýaşly pyşbaga barada geçirilen barlagyň netijeleri Science Advances ylmy žurnalynda çap edildi.
Kallel guramasynyň gözlegçileri Jonatanyň epigenetiki aýratynlyklaryny has ýaş pyşbagalaryň görkezijileri bilen deňeşdirdiler. Netijede, olar DNT-niň dikeldilmegi, gaýnaglamanyň kadalaşdyrylmagy, insuliniň alyş-çalşy we rak keselinden gorag bilen baglanyşykly genleriň 287 görnüşini ýüze çykardylar.
Alymlaryň aýratyn ünsüni epigenetiki mehanizmler çekdi. Bular genleriň işjeňligini sazlaýan özboluşly «açarlardyr». Gözlegçileriň maglumatlaryna görä, Jonatanda bu mehanizmleriň käbiri durnuklylygyny saklaýar. Beýleki köp haýwanlarda bolsa ýaşy ulaldygyça garrylyk bilen baglanyşykly üýtgeşmeler ýüze çykýar.

Barlagyň awtorlary tebigatda uzak ýaşamaga mümkinçilik berýän mehanizmleri öwrenmegiň ýaş bilen bagly keselleriň öňüni almagyň täze usullaryny işläp taýýarlamaga kömek etjekdigine ynam bildirýärler. Emma pyşbagada ýüze çykarylan aýratynlyklar şeýle usullary eýýäm adamlaryň ömrüni uzaltmak üçin ulanyp bolýandygyny aňlatmaýar.
«Biziň maksadymyz — ewolýusiýanyň dowamynda ýüze çykan bu açyşlary öwrenip, olary adaty adamlar üçin elýeterli we amaly bejeriş usullaryna öwürmek» diýip, Kallel guramasynyň esaslandyryjysy hem-de barlagyň esasy awtory Stiwen Klark aýtdy.
Jonatan ömrüniň köp bölegini Günorta Atlantik ummanyndaky keramatly Ýelena adasynda geçiripdir. Ol häzirki wagtda adadaky gubernatoryň resmi ýaşaýyş jaýy bolan Plantation House-yň çäginde ýaşaýar. Pyşbaga 1882-nji ýylda Seýşel adalaryndan geljekki gubernator William Greý-Wilsona sowgat hökmünde getirilipdir. Şol döwürde Jonatan eýýäm uly pyşdyl bolansoň, onuň haýsy ýylda doglandygyny takyk anyklamak mümkin däl.