Gün ulgamy öň çak edilişinden has ir dargap biler

Şu gün, 15:10601
1 / 2

Gün ak girdenege öwrülenden takmynan bir milliard ýyl soň, Gün ulgamynyň daşky planetalarynyň orbital durnuklylygy bozulyp biler. Özi-de bu öň çak edilişinden has ir bolup geçer diýip, Kaliforniýa Tehnologiýa institutynyň astrofizikleri täze netijä geldiler.

Ylmy garaýyşlara görä, Gün häzir 4,57 milliard ýaşyndadyr. Alymlaryň hasaplamalaryna görä, onuň gyzyl äpet ýyldyza öwrülmegine ýene bäş milliard ýyl töweregi wagt bar. Şol döwürde häzirki ylmy çaklamalardan çen tutsaň, Merkuriý, Wenera we Ýer giňeýän Günüň içine siňip gider. Mars bolsa, ähtimal, onuň daşynda galar.

Ozalky maglumatlarda Ýupiter, Saturn, Uran we Neptun onlarça milliard ýyllap durnukly orbitalarda hereket etmegini dowam etdirip bilmelidi. Gün ulgamynyň ahyrsoňy dargamagyna bolsa, diňe golaýyndan geçýän ýyldyzlaryň agyrlyk güýjüniň täsir etmegi sebäp bolar diýlip hasaplanýardy.

Täze barlagda Günüň agramyny ýitirmeginiň başga bir mümkin bolan ýagdaýy göz öňünde tutuldy. Alymlar Günüň agramynyň kem-kemden we birsydyrgyn azalman, eýsem, kämahal duýdansyz ýagdaýda güýçli maddalary zyňmak bilen hem ýitip biljekdigini güman edýärler. Netijede, şeýle tötänleýin güýçli itergileriň Gün ulgamynyň daşky planetalarynyň orbitalaryny kem-kemden durnuksyzlaşdyrmagy örän ähtimal.

Alymlar superkompýuterleriň we sanly hasaplamalaryň kömegi bilen ýüzlerçe dürli nusgany barladylar. Hasaplamalarda Gün bilen birlikde dört äpet planetanyň hereketi öwrenildi.

Barlagyň netijeleri The Astrophysical Journal Letters ylmy žurnalynda çap edildi.