«Voyager 1» Ýerden bir ýagtylyk güni uzaklyga ýetip barýar

Şu gün, 11:571,147

NASA-nyň «Voyager 1» kosmos enjamy Ýerden iň uzak aralyga giden emeli obýekt bolmak bilen, 18-nji noýabrda planetamyzdan bir ýagtylyk güni, takmynan, 26 milliard kilometr uzaklyga ýeter.

Şondan soň radiosignalyň kosmos enjamyna ýetmegi üçin, takmynan, 24 sagat, ondan iberilen jogap signalyň Ýere gaýdyp gelmegi üçin bolsa ýene şonça wagt gerek bolar.

«Voyager 1» 1977-nji ýylda uçuryldy. 2012-nji ýyldan bäri ol ýyldyzara giňişlikde hereket edýär. Enjam bilen aragatnaşyk onuň bortundaky 23 watlyk geçiriji we Ýerdäki Deep Space Network ulgamynyň diametri 70 metre deň bolan antennalary arkaly saklanýar. Çaklamalara görä, zond bilen aragatnaşyk 2036-njy ýyla çenli saklanyp bilner.

Enjam taryhy aralyga ýetmezinden öň, NASA hemmeleri 17-nji noýabrda Gün ýaşandan soň bu waka şärik bolmaga çagyrýar. Munuň üçin telefonlaryň, el çyralarynyň, hatda binalaryň yşyklandyryş ulgamlarynyň kömegi bilen kosmos enjamyna şertli habar ibermek teklip edilýär. Şeýlelikde, Ýer ýüzünden yzygiderli geçjek «altyn yşyk tolkunyny» döretmek meýilleşdirilýär.

1977-nji ýylda «Voyager 1» bilen bir wagtda uçurylan «Voyager 2» enjamynyň bolsa Ýerden bir ýagtylyk güni uzaklygyna 2035-nji ýylyň noýabr aýynda ýetmegine garaşylýar.