SWIFT teleskopy Ýeriň atmosferasynda ýandy

05.11.2026, 13:554,384

ABŞ-nyň SWIFT kosmos teleskopy orbitadan çykyp, Indoneziýanyň üstünde Ýeriň atmosferasyna girende ýanyp ýok boldy. Takmynan, 1,5 tonna agramly bu kosmos obserwatoriýasy 22 ýylyň dowamynda Älemde bolup geçýän iň güýçli energiýa hadysalarynyň biri bolan gamma şöhlelenme partlamalaryny öwrenmek bilen meşgullandy. Bu barada NASA habar berdi.

Ýurduň Kosmos güýçleriniň maglumatlaryna görä, teleskop 4-nji noýabrda ABŞ-nyň Gündogar kenarýaka wagty bilen sagat 07:39-da (Aşgabat wagty bilen 16:39-da) atmosfera girdi. Bu ýagdaý ekwatordan 322 kilometr çemesi demirgazykda, Indoneziýanyň Demirgazyk Sumatra welaýatynyň üstünde bolup geçdi. Şol pursatda teleskopyň tizligi sesiň tizliginden 22 esse ýokary bolupdyr.

Teleskopyň esasy bölegi atmosferanyň ýokarky gatlaklarynda ýanyp kül boldy. Onuň has berk bölekleriniň käbiriniň Ýeriň ýüzüne düşen bolmagy ähtimal, ýöne NASA-nyň maglumatlaryna görä, bu ýagdaý hiç hili zyýan ýetirmändir.

SWIFT teleskopy öz işini dowam etdirmek üçin geçirilen şowsuz halas ediş synanyşygyndan üç aý soň orbitadan çykdy. NASA iýul aýynda obserwatoriýanyň orbitasyny ýokarlandyrmak maksady bilen Link emeli hemra tirkegini uçurdy. Ol teleskopa golaýlaşyp, ýörite tutguçlarynyň kömegi bilen ony tutup, has ýokary orbita çykarmalydy. Emma uçurylandan biraz wagt soň tirkegiň ugrukdyryş ulgamynda näsazlyk ýüze çykdy. Netijede, enjam gözegçiliksiz aýlanyp başlady we onuň bilen aragatnaşyk kesildi. Bahasy 30 million dollar bolan halas ediş çäresini geçirmek we enjamyň işini dikeltmek başartmady.

SWIFT teleskopy 2004-nji ýylda uçurylypdy. Işlän döwründe ol 2 müňden gowrak gamma şöhlelenme partlamasyny we takmynan, 1,4 müň ýyldyz partlamasyny ýüze çykardy. 2025-nji ýylda Günüň işjeňliginiň ýokarlanmagy sebäpli, obserwatoriýanyň orbitasy çalt peselip başlady. Netijede, onuň Ýer bilen aralygy 585 kilometrden 360 kilometre çenli peseldi.