Gün ulgamynyň çetinde syrly jisim tapyldy

Şu gün, 09:132,022
1 / 3

Wera Rubin adyndaky obserwatoriýanyň astronomlary Neptunyň orbitasynyň aňyrsynda ýerleşýän 2026 ED138 atly asman jisimini anykladylar. Deslapky seljermäniň netijeleri bu jisimiň Neptunyň aňyrsynda belli bolan asman jisimleriniň arasynda iň iri we ýagty girdenek planeta adyna dalaşgärleriň biri bolup biljekdigini görkezýär.

Bu asman jisimi ilkinji gezek 2026-njy ýylyň 4-nji martynda göze ildi. Emma ol diňe oktýabr aýynda alymlaryň ünsüni çekdi. Bahar paslyndan bäri geçirilen birnäçe gözegçilik onuň orbitasyny hasaplamaga mümkinçilik berdi.

Häzirki wagtda 2026 ED138 Günden, takmynan, 46 astronomik birlik uzaklykda ýerleşýär. Bu aralyk 6,88 milliard kilometre golaýdyr. Deňeşdirip aýtsak, Günden Plutona çenli ortaça aralyk 40 astronomik birlige, Neptuna çenli aralyk bolsa, takmynan, 30 astronomik birlige deňdir.

Girdenek planeta derejesini almak üçin asman jisimi Günüň daşyndan aýlanmaly, başga bir planetanyň hemrasy bolmaly däl we şar şekiline eýe bolar ýaly ýeterlik massasy bolmaly. Şol bir wagtyň özünde, ol öz orbitasynyň töweregindäki beýleki asman jisimlerini doly arassamaly däl. Hut şu soňky şert sebäpli, Pluton 2006-njy ýylda doly hukukly planeta derejesinden mahrum edildi.

Halkara astronomiýa birleşigi şu wagta çenli bäş sany girdenek planetany ykrar etdi. Olar Serera, Pluton, Haumea, Makemake we Erida. Mundan başga-da, şeýle derejä dalaş edýän beýleki asman jisimleri hem bar, ýöne olaryň derejesi entek tassyklanmady.

2026 ED138 barada häzirlikçe maglumat az. Hususan-da, onuň şar şekiline eýe bolmagy üçin massasynyň ýeterlikdigini anyklamak zerur. Şonuň üçin täze girdenek planetanyň açylandygy barada aýtmak entek ir.