«Agrowoltaika» diýlip atlandyrylýan üzümi gün panelleriniň aşagynda ösdürip ýetişdirmek usuly üzüm çybyklarynyň ösüşini ep-esli gowulandyrmaga we hoşalaryň agramyny artdyrmaga kömek edip biler. Şeýle netijä Italiýanyň günortasyndaky Apuliýa sebitinde barlag geçiren Bari uniwersitetiniň alymlary geldiler.
Synag sekiz ýyllyk «Primitiwo» görnüşli üzüm çybyklary ösdürilip ýetişdirilýän, meýdany 0,9 gektar bolan üzümçilikde geçirildi. Ortaýer deňziniň yssy howa şertlerinde kölegäniň aşagynda galdyrylan ösümlikleriň şahajyklary 268–274 santimetre çenli ösdi. Açyk meýdanda bolsa bu görkeziji 115,8 santimetre deň boldy.
Panelleriň aşagyndaky bir hoşanyň agramy 164,9 gram, Gün astynda ösýän hoşalaryň agramy bolsa, bary-ýogy 65,4 gram boldy. Şeýlelikde, kölegede ýetişdirilen üzümleriň miweleri, takmynan, 2,5–3 esse iri we agyr bolup çykdy.

Professor Juzeppe Ferrari bu netijäni ösümlikleriň aşa gyzmakdan goralmagy bilen düşündirdi:
«Amatly temperaturanyň netijesinde üzüm çybyklary az derejede strese düşüp, elýeterli çyglylygy has netijeli peýdalandy. Bu bolsa günüň iň yssy sagatlarynda-da fotosinteziň dowam etmegine getirdi».
Mundan başga-da, ýarym kölege suwuň bugarmagyny azaltdy we panelleriň elektron bölekleriniň sowamagyna ýardam berdi. Bu onuň geljekde suwaryş zerurlygyny hem azaldyp biljekdigini aňladýar.
Üzümleriň himiki düzüminde hem üýtgeşmeler ýüze çykaryldy: güýçli kölegäniň astynda şekeriň konsentrasiýasy peseldi, organiki kislotalaryň dargamagy haýallady. Aralyk derejeli kölege bolsa polifenollaryň toplanmagyna ýardam etdi.
Şol bir wagtyň özünde, gözlegçiler agrowoltaikanyň ähli sebitler we ekinler üçin ýaramly däldigini duýdurýarlar. Salkyn we çygly sebitlerde döredilen kölege hasyllylygy peseldip biler. Şonuň üçin bu usulyň netijeliligi belli bir görnüşiň kölegä çydamlylygyna we ýerli howa şertlerine baglydyr.