Ösümliklere öz mätäçlikleri hakda adamlara «gürrüň bermegi» öwrederler

Şu gün, 10:301,524
1 / 3

ABŞ-nyň Electric Plant startapy ösümlikleriň elektrik signallaryny düşündirip, olaryň häzirki zerurlyklary barada maglumat berýän Bombadil atly emeli aň modelini döretdi. Bu barada TechCrunch neşiri habar berýär.

Taslamany döretmek pikiri kompaniýanyň esaslandyryjylarynyň biri Jastin Mastda Massaçusets tehnologiýa institutynyň otag ösümligi bilen hereketlendirijili tekjäniň utgaşmasy barada geçiren barlagy bilen tanşandan soň döräpdir. Munda ösümlige ýagtylyk gerek bolanda, onuň janly dokumalaryndan geçýän elektrik signallary tekjäniň ýagtylyk çeşmesine tarap hereket etmegine sebäp bolupdyr.

Soňky üç ýylyň dowamynda Electric Plant kompaniýasynyň topary Bombadil modelini türgenleşdirmek üçin, takmynan, ösümlikleriň 125 görnüşinden maglumat toplapdyr. Olaryň arasynda paporotnikler, pomidorlar, georginler, çamlar we sekwoýalar bar.

Mastyň aýtmagyna görä, topraga oturdylýan zondlar, spektroskoplar we hemra suratlary ýaly adaty usullar ýeterlik derejede netijeli bolsa-da, ösümlikleriň ýagdaýy barada doly maglumat bermeýär.

«Bu tehnologiýalaryň gurluşy çylşyrymly bolsa-da, olar ösümligiň içki ýagdaýyna düşünmäge mümkinçilik bermeýär. Olaryň köpüsi ösümligiň hut şu pursatdaky hakyky zerurlyklaryny kesgitlemekde ep-esli yza galýar» diýip, Mast düşündirýär.

Maglumat toplamak üçin uzynlygyna iki eplenen iPhone telefony bilen deň ölçegdäki sensorlar ulanylýar. Olar poslamaýan polatdan ýasalan nurbatlar arkaly ösümligiň gabygynyň aşagynda ýerleşýän janly dokumalar gatlagyna — kambä berkidilýär. Sensorlar elektrik potensialynyň mikrowolt derejesindäki üýtgemelerini hasaba alýar we maglumatlary energiýany az sarp edýän simsiz ulgam arkaly geçirýär.

Bir akr (takmynan 0,4 gektar) meýdany gözegçilikde saklamak üçin şeýle enjamlaryň diňe ikisi ýeterlikdir. Maglumatlar bulut ulgamynda işlenilýär we ulanyja ösümlikleri suwarmak ýa-da dökün bermek boýunça maslahatlar berilýär.

Döredijileriň tassyklamagyna görä, bu ulgam hasyllylygy ýokarlandyrmaga we suwuň sarp edilişini 20 göterim ýa-da ondan-da köp azaltmaga mümkinçilik berip biler. Şeýle-de bolsa, bu görkezijiler entek garaşsyz barlaglar tarapyndan tassyklanmalydyr.

Geljekde bu tehnologiýa oba hojalygynda we tokaý hojalygynda giňden ulanylyp, tebigat bilen doly derejeli özara gatnaşygy ýola goýmak ugrunda möhüm ädim bolup biler.

«Biz gürlemekden has köp diňleýäris. Emma diňlemegi başarmak — ilkinji ädim» diýip, Mast belledi.