Alymlar häzirki Şotlandiýanyň çäginde, takmynan, 2000 ýyl ozal aradan çykan erkek kişiniň daşky keşbini dikeltdiler. Onuň ystyhanlary Edinburg şäheriniň golaýyndaky Inwereskde, Rim galasynyň ýanynda tapyldy.
Dikeldilen keşp «Rim Şotlandiýasy: imperiýanyň çetindäki ýaşaýyş» atly sergide görkezildi.
Şotlandiýanyň Milli muzeýleriniň hünärmenleri erkek adamyň süňklerini, DNT-sini we dişleriniň himiki düzümini öwrendiler. Olaryň maglumatlaryna görä, bu adam Britaniýanyň günortasynda doglup, soň bolsa demirgazyga tarap ýüzlerçe kilometr ýol geçipdir. Ol biziň eýýamymyzyň 140–165-nji ýyllary aralygynda, takmynan, 50 ýaşlarynda aradan çykypdyr.
Mele gözli bu kişiniň garamtyl saçlarynyň käbir ýerleri çalarypdyr. Gözleriniň töwereginde bolsa mese-mälim ýygyrtlar bar eken.
Ystyhanlar onuň durmuşynyň aňsat geçmändigini görkezýär. Bir wagtlar onuň burny döwlüp, öz-özi bitip gidipdir. Mundan başga-da, sag tirseginiň töwereginde süňk dokumasy aşa ösüpdir. Munuň septiki artrit, ýagny ýokançlyk bilen bagly bogun sowuklamasy sebäpli ýüze çykan bolmagy ähtimal. Bu kesel onuň eliniň hereketini ep-esli çäklendiripdir.

Erkek kişiniň sag eliniň ysmazlygy sebäpli, gözlegçiler onuň dirikä esger bolandygyna şübhelenýärler. Onuň nähili kär bilen meşgullanandygy belli däl. Ýöne maňlaý dişleriniň zeperlenmegi, onuň eliniň ysmazlygy sebäpli käbir zatlary dişleri bilen gysyp saklandygyna şaýatlyk edýär.
Bu guburyň ýene bir aýratyn tarapy, alty sany uly ýaşly erkek kişiniň dördüsiniň ýerlenende kellelerinden mahrum bolmagydyr. Şuňa meňzeş jaýlaýyş dessurlary Britaniýanyň beýleki ýerlerinde-de duş gelýär. Emma Şotlandiýada şeýle tapyndylar ilkinji gezek ýüze çykaryldy.
Arheologlar bu däbiň anyk sebäplerini entek kesgitläp bilmediler. Mümkin bolan düşündirişleriň arasynda jezalandyrmak, ölüm bilen bagly aýratyn ynançlar ýa-da ruhlardan gorkmak ýaly çaklamalar bar.