Gadymy Gyzylaýak galasynda mis käse, teňňe hem-de atyň heýkeljigi tapyldy

Düýn, 09:315,022
1 / 3

Lebap welaýatynyň Kerki etrabyndaky Gyzylaýak taryhy-medeni ýadygärliginde geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde täze arheologik tapyndylar ýüze çykaryldy. Olaryň arasynda mis käse, syrçaly şemdan, keramiki gaplaryň bölekleri we kiçijik at heýkeljigi bar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Gazuw-agtaryş işleri biziň eýýamymyzyň I–IV asyrlarynda Amyderýanyň orta akymynda ýaşan oturymly ilatyň maddy medeniýetini öwrenmek, şeýle hem Parfiýa imperiýasynyň sebitiň medeni ösüşine ýetiren täsirini anyklamak maksady bilen geçirildi.

Gyzylýak galasy bu ýerlerdäki gadymy ýadygärlikleriň arasynda iň gowy saklanyp galanlarynyň biri hasaplanýar. Ol biziň günlerimize ägirt uly depe görnüşinde gelip ýetipdir. Çaklamalara görä, bu gala Parfiýa döwründe Amyderýanyň boýundaky kerwen ýollaryna gözegçilik etmek maksady bilen gurlupdyr.

Gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gözlegçiler keramiki gap-gaçlaryň böleklerini, diwarlaryň galyndylaryny we dürli ölçegdäki bişen kerpiçlerden düşelen poly ýüze çykardylar. Beýleki tapyndylaryň arasynda mis teňňäniň galyndysy, daş ýüzünde suw tolkunlarynyň şekili çekilen uly hum bölekleri, görnüşleri boýunça tapawutlanýan iki sany degirmen daşy we hojalykda ulanylan gap-gaçlaryň köp sanly bölekleri bar.

At heýkeljiginiň esasy bölegi saklanyp galan hem bolsa, onuň aýaklary we kellesi döwlüpdir.

Gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda atanaklaýyn ýerleşdirilen, kömürleşen çybyklaryň arasyndan tapylan pile bölejigi alymlarda aýratyn gyzyklanma döretdi. Dürli görnüşli we ölçegdäki bişen kerpiçleriň tapylmagy hem gadymy döwürde bu ýerde iri binagärlik desgalarynyň bolandygyny görkezýär.

Gözlegçileriň maglumatyna görä, bu oturymly ýerde ýaşaýyş takmynan biziň eýýamymyzyň I asyrynda başlanyp, V–VI asyrlara çenli dowam edipdir.