Türkiýäniň kenarýaka suwlarynda arheologlar suwa giden gäminiň galyndylaryny ýüze çykardy. «BBC-niň» habar bermegine görä, onuň dünýäde suw astyna giden iň gadymy gämi bolmagy ähtimal.
Gämi Türkiýäniň Antalýa welaýatyndaky Kekowa adasynyň kenaryna ýakyn ýerde ýerleşýär. Arheologlar bu tapyndynyň ýaşyny 4400 ýyldan 4700 ýyla çenli diýip hasaplaýar. Bu bolsa irki bürünç eýýamyna hem-de Beýik piramidalaryň gurlan döwrüne gabat gelýär.
Gäminiň agaç gurluşy saklanyp galmadyk hem bolsa, arheologlar onuň uzynlygynyň, takmynan, 10 metre ýetendigini we Ortaýer deňzi boýunça ýükleri daşaýan söwda gämisi bolandygyny çaklaýar.

Hünärmenler gäminiň ýatan ýerinden üç sany uly daş labyry hem-de 30-dan gowrak keramika konteýnerlerini tapdy. Olaryň käbirinde henizem içinde saklanan zatlaryň yzlary galan eken.
Ekspedisiýanyň guwwaslary tarapyndan suwuň ýüzüne çykarylan konteýnerler häzirki wagtda aýawly konserwirlenýär we olaryň içinde nämeleriň bolandygyny kesgitlemek boýunça işler alnyp barylýar.

Gäminiň öz syýahatyna Ortaýer deňziniň gündogar kenarynyň bir ýerinden başlap, harytlary gadymy Troýa şäherine ýa-da Krit adasyndaky minoýlylara tarap daşan bolmagynyň mümkindigi çaklanylýar.
Indi bu tapyndy ozal Gresiýanyň günortasyndaky Dokos adasynyň kenarynda tapylan 4200 ýyllyk gäminiň rekordyny täzeläp, dünýäde suw düýbüne giden iň gadymy gämileriň sanawynda birinji orny eýeleýär.