Hytaýly arheologlar ýurduň günorta-günbataryndaky Altaý daglarynda gadymy gaýa ýazgylaryny öwrendi. Giperspektral surata düşüriliş usulynyň kömegi bilen alymlar indi göze görünmez derejede solup giden sýužetleri synlamagy we bu ýeriň müňýyllyklara uzaýan taryhyny dikeltmegi başardy.
Geçirilen işleriň netijeleri «npj Heritage Science» žurnalynda çap edildi.

Gaýa sungatynyň ýadygärligi Sinszýan-Uýgur awtonom sebitiniň Taňbalytasy (gadymy türki dilindäki "tagmaly daş" sözlerinden) diýen ýerinde ýerleşýär we iki sany gowakdan ybarat. Birinji gowakda alymlar 19 sany şekili surata düşürdi, ikinjisinde bolsa şahly adam şekilleri we haýwanlar bolan 51 sany kompozisiýany ýüze çykardy. Skanirleme usuly ýene iki sany solgun suraty tapmaga kömek etdi.

Iň irki şekiller b.e. öňki III müňýyllygyň çemurçek medeniýetine degişlidir, beýleki şekiller bolsa bürünç eýýamyna gabat gelýär.
Üç gözli, sakgally we kellesiniň töwereginde şöhle ýaýraýan şekil alymlaryň aýratyn ünsüni çekdi. Şeýle şekiller Merkezi Aziýada we Günorta Sibirde kän duşýar hem-de şamançylyk tejribeleri bilen baglanyşdyrylýar, şahly şekilleriň köpçülikleýin tanslary bolsa dessurlaryň ýaýraýşyny görkezýär.

Soňrak bu gowaklar Ýuan nesilşalygynyň döwründe (1271–1368-nji ýyllar) tibet buddizmine uýýanlar tarapyndan ulanylypdyr. Muny tibet ýazgylary we dini nyşanlar tassyklaýar. Suratlaryň köp gatlaklylygy dürli halklaryň müňýyllyklaryň dowamynda bu ýeri mukaddes saýyp, gadymy ýazgylara öz nyşanlaryny goşup gelendigini subut edýär.