Angliýada gurakçylyk sebäpli suw astyndaky gadymy öýler görnüp başlady

Düýn, 22:441,542
1 / 3

Beýik Britaniýadaky tomusky jokrama yssydan soň, Dewon graflygyndaky Fernwort suw howdanynda suwuň derejesi sygymynyň 30 göterimine çenli peseldi. Şol sebäpli, suwuň ýüzünde taryhdan öňki obalaryň galyndylary, hususan-da, ýaşy 4000 ýyla golaý bolan sekiz sany tegelek daş öýleri ýüze çykaryldy diýip, «The Independent» neşiri habar berýär.

Bürünç eýýamyna degişli obalaryň galyndylary Angliýanyň günorta-günbataryndaky Dartmur milli seýilgähiniň çäginde ýerleşýän howdandaky suwuň derejesiniň peselmegi netijesinde peýda boldy. Arheologlar adamlaryň bu ýerlerde azyndan biziň eramyzdan öňki 2300-nji ýyldan bäri ýaşandygynyň subutnamalaryny tapdy. Töwerekde bolsa togalak daşlar we depeler saklanyp galypdyr.

Ilatly ýerleriň köpüsiniň biziň eramyzdan öňki 1000-nji ýylda taşlanandygyna garamazdan, alymlar bu çäkde soňky döwürlere, hususan-da, 1540-njy ýyla degişli teňňeleri we Týudorlar döwrüne degişli zatlary tapdy.

Dartmur milli seýilgähindäki Fernwort suw howdany 1936 — 1942-nji ýyllar aralygynda guruldy. Ol sebitiň birnäçe şäherlerini we ilatly nokatlary suw bilen üpjün edýär.

Beýik Britaniýanyň Daşky gurşawy goramak agentliginiň maglumatyna görä, häzirki wagtda tutuş ýurt boýunça suw howdanlarynda suwuň derejesi kadadan 20 göterim pesdir. Ýurt boýunça 31 howdanyň 12-si ýarysyndan hem az doldurylyp, olaryň sekizisinde suwuň derejesi aşa pes görkezijä düşdi.

Edaranyň wekilleriniň bellemegine görä, ýerasty suwlaryň derejesini doly dikeltmek üçin birnäçe aýlap durnukly ýagynly howanyň bolmagy zerur.