Tibetdäki doňaklykda soňky buzluk döwrüniň maglumatlary saklanyp galypdyr

Şu gün, 17:051,959
1 / 2

Alymlar Tibetiň demirgazyk-günbataryndaky Guliýa belentligindäki buz örtüginiň soňky buzluk döwrüniň howasy baradaky maglumatlary özünde saklaýandygyny anykladylar. Munda käbir nusgalaryň ýaşy 128 müň ýyldan hem geçip biler.

Gözlegçiler 1992-nji we 2015-nji ýyllarda geçirilen buraw işleriniň dowamynda alnan buz kernlerini öwrendiler. Nusgalaryň derňewi olaryň izotop aýratynlyklarynyň meňzeşdigini ýüze çykardy. Bu bolsa gadymy howa baradaky maglumatlaryň buzuň içinde gowy saklanyp galandygyny tassyklaýar.

Buzuň ýaşyny kesgitlemek üçin hünärmenler berilliý we hlor izotoplarynyň kömegi bilen radiometrik ýaş kesgitleme usullaryny ulandylar. Şeýle hem olar 41 müň ýyldan gowrak wagt öň Ýeriň magnit meýdanynda bolup geçen üýtgeşmäniň — Leşampyň geomagnit ekskursiýasynyň alamatlaryny ýüze çykardylar.

Ozal Guliýa belentligindäki maglumatlar ahyrky buzluk döwrüniň tamamlanmagyndan soňky döwür bilen çäklenýär diýlip hasaplanýardy. Täze gözlegler bolsa buzuň bir böleginiň has gadymydygyny görkezdi.

Alymlar şeýle buz kernleriniň geçmişdäki howa şertleri barada möhüm maglumatlary özünde jemleýändigni belleýär. Gadymy buzuň ýaşyny has takyk kesgitlemek Ýerde buzluk döwrüniň başlanmagynyň we tamamlanmagynyň sebäplerine has gowy düşünmäge kömek eder.