ABŞ-nyň Milli aerokosmos we kosmos giňişligini öwreniş müdirligi (NASA) 1 million dollar baýrak gaznasy bolan «Moon Base Challenge» atly bäsleşigi yglan etdi. Bäsleşigiň çäklerinde ABŞ-daky ýokary synp okuwçylaryna we kollej talyplaryna Aýyň Günorta polýusynda ilkinji hemişelik bazany döretmek üçin tehniki çözgütleri işläp taýýarlamak teklip edilýär.
Floridada ýerleşýän Kennedi adyndaky Kosmos merkezinde geçirilen MAX POWER çäresinde bäslegiň eýýäm başlanandygy habar berildi.
NASA-nyň administratory Jared Aýzekmanyň aýtmagyna görä, edara ýaş işläp düzüjileri geljekde Aýy özleşdirmek bilen baglanyşykly hakyky inženerçilik we ylmy meseleleri çözmäge çekmegi maksat edinýär.
Bäsleşik hemişelik Aý bazasynyň işlemegi üçin zerur bolan alty ugur boýunça geçirilýär:
Energiýany öndürmek we saklamak,
Binalary we desgalary gurmak,
Ýaşaýyş üçin gerek bolan ulgamlary döretmek,
Aýyň ýüzünde hereket etmek üçin ulag serişdelerini işläp taýýarlamak,
Aragatnaşyk ulgamlaryny döretmek,
Kosmonawtlary dürli howplardan goramak.
«Moon Base» maksatnamasynyň ýolbaşçysy Karlos Garsiýa-Galan hemişelik Aý bazasynyň döredilmeginiň geljekde Marsa amala aşyryljak ekipažly kosmos ekspedisiýalaryna tarap möhüm ädim boljakdygyny belledi.
Bäsleşige islendik hünär ugrundan bilim alýan talyplar gatnaşyp bilerler. Gatnaşmak üçin inženerçilik tejribesiniň bolmagy hem hökman däl. Toparlar tehniki çözgütlere baha bermeli, öz taslamalaryny taýýarlamaly we olary NASA-nyň bilermenlerine hödürlemeli.
Gatnaşyjylary hasaba almak 2027-nji ýylyň 25-nji ýanwaryna çenli NASA-nyň STEM Gateway internet portalynda dowam eder.