Talyp 50 mln ýyllyk taryhy bolan mör-möjekleriň täze görnüşini tapdy

Şu gün, 13:303,224
1 / 2

Amerikaly talyp Liýa Mok Pibody arheologiýa we etnologiýa muzeýiniň ýygyndysyny öwrenip, takmynan, 50 mln ýyl ozal ýaşan, ylma näbelli bolan gylyçguýruklylaryň täze görnüşini ýüze çykardy. Oňa Anoplonyx rasnitsyni diýen at berildi.

Gadymy mör-möjegiň galyndysy ABŞ-nyň Kolorado ştatynyň günbatar bölegindäki Grin-Riwer geologik gatlaklaryndan tapyldy. Nusganyň aýaklaryndan başga ähli bölekleri diýen ýaly saklanyp galypdyr. Liýa bu tapyndyny muzeýiň 15 müňden gowrak nusgadan ybarat ýygyndysyny öwrenýän wagtynda tapypdyr.

Alymlar mör-möjegiň beden gurluşyndaky örän ownuk aýratynlyklara esaslanyp, onuň täze görnüşdigini anykladylar. Hususan-da, onuň ganatynda ýerleşýän kiçijik dik damary we murtlarynyň özboluşly gurluşy ünsi çekdi. Bu aýratynlyklary diňe mikroskop arkaly görmek bolýar. Tapyndynyň, hakykatdan-da, täze görnüşdigini tassyklamak üçin, Mok onuň suratlaryny Pariždäki hünärmenlere iberdi. Olar şeýle mör-möjegiň öň paleontologik maglumatlarda duş gelmändigini tassykladylar.

Bu ylmy barlag eosen döwründe (takmynan, 56–34 million ýyl ozal) haýwanat dünýäsiniň köpdürlüligi baradaky düşünjeleri has-da giňeltmäge ýardam edýär. Şol döwürde häzirki Grin-Riwer geologik gatlaklarynyň ýerleşýän ýerinde dag zynjyrlarynyň arasynda köl ulgamlary bolupdyr.

Liýa Mok ýer ýüzünde bolup geçen tebigy hadysalaryň janly-jandarlaryň ewolýusiýasyna täsirini öwrenýär. Ol geljekde aspiranturada gadymy ekoulgamlary öwrenmek boýunça ylmy işlerini dowam etdirmegi meýilleşdirýär.