1958-nji ýylda Özbegistanda tapylan we şondan bäri ünsden düşüp galan pterozawryň (ganatly süýrenijiniň) çigin süňküniň bir bölegi paleontologiýa taryhynda Aziýada tapylan ilkinji aždarhid galyndysy bolup çykdy.
Muny Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň A. A. Borisýak adyndaky Paleontologiýa institutynyň we Zoologiýa institutynyň alymlary anykladylar. Gözlegiň netijeleri «Russiýa Ylymlar akademiýasynyň nutuklary. Durmuş ylymlary» («Доклады Российской академии наук. Науки о жизни») atly žurnalda çap edildi.
Galyndy 1958-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda sowet paleontology Anatoliý Roždestwenskiniň ýolbaş-çylygyndaky ylmy ekspedisiýanyň dowamynda Jarakuduk diýilýän ýerden tapyldy. Şondan soň bu nusga onlarça ýyllap Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Paleontologiýa institutynyň ýygyndysynda görnüşi anyklanmadyk tapyndylaryň arasynda saklanypdyr. Ýaňy-ýakynda bolsa alymlar ony gaýtadan öwrendiler.
Aždarhidler — hek döwrüniň ahyrlarynda, takmynan, 90 million ýyl ozal ýaşap geçen we soňra ýok bolup giden uçýan süýrenijileriň maşgalasydyr. Olaryň arasynda Ýer ýüzüniň taryhynda ýaşap geçen iň iri uçýan jandarlaryň käbir görnüşleri bolupdyr. Aždarhidleriň käbiriniň ganatlarynyň gerimi 10–11 metre ýetipdir. Olaryň hatarynda äpet ketzalkoatllar hem bar.
Ýeri gelende belläp geçsek, bu jandarlaryň ady Merkezi Aziýa halklarynyň, şol sanda türkmenleriň we özbekleriň halk döredijiliginde kän duş gelýän ýylana çalymdaş aždarhalar bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. 1970–1980-nji ýyllarda sowet paleontology Lew Nesow häzirki Özbegistanyň we Gazagystanyň çägindäki Gyzylgum çölünde gazuw-agtaryş işlerini geçirip, ylma ozal näbelli bolan uzyn boýunly uçýan süýrenijiniň galyndylaryny tapdy. 1984-nji ýylda Nesow täze açylan jandara ýerli halklaryň miflerine salgylanyp, Azhdarcho adyny dakypdyr. Soňra dünýäniň dürli künjeklerinde şuňa meňzeş äpet pterozawrlar tapylyp, alymlar olaryň ählisini Azhdarchidae — aždarhidler maşgalasyna birleşdirdiler.

Gaýtadan barlanan galyndy Azhdarcho lancicollis görnüşine degişli bolup çykdy. Bu adyň latyn dilinden terjimesi «naýza boýunly aždarha» diýmegi aňladýar.
Alymlar süňküň gurluşyny jikme-jik öwrenmek üçin rentgen mikrotomografiýa usulyny ulanypdyrlar. Bu usul nusga zeper ýetirmezden, onuň üç ölçegli şekilini döretmäge mümkinçilik berýär. Süňküň ýüzünde iri myşsalaryň birleşýän ýerleriniň häsiýetli yzlary ýüze çykaryldy. Olaryň arasynda ganat perdesi birleşen uzyn dördünji barmagyň hereketine gatnaşýan myşsalaryň yzlary hem bar.
Barlagyň netijeleri aždarhidleriň beden gurluşynyň aýratynlyklaryny we ganatlarynyň hereket ediş usulyny has anyk kesgitlemäge ýardam etdi.