Angliýada 125 mln ýyl ozal ýaşan dinozawryň täze görnüşi ýüze çykaryldy

Şu gün, 10:39778

Paleontologlar, takmynan, 125 mln ýyl ozal ýaşan we ösümlik bilen iýmitlenen dinozawryň täze urugyny hem-de görnüşini ýüze çykardylar. Bu görnüş Paludohadros proudlovii diýlip atlandyryldy.

Dinozawryň galyndylary 2001-nji ýylda Angliýanyň günortasyndaky Surreý graflygynda ýerleşýän toýun käninde tapyldy. Şondan bäri galyndylar Londondaky Tebigatyň taryhy muzeýinde saklanyp gelýärdi. Alymlara diňe indi dinozawrlary ylmy taýdan öwrenip, olaryň ozal näbelli görnüşe degişlidigini anyklamak başartdy.

Dinozawryň uzynlygy çak bilen 5 metre, agramy bolsa 1,5–2 tonna deň bolupdyr. Bu häzirki zaman kerkiniň agramyna barabardyr. Emma süňkleriniň gurluşy onuň entek doly ulalmadyk ýaş jandardygyny görkezýär. Şonuň üçin onuň ulalandan soňky ölçeginiň görkezilenden iki esse diýen ýaly köp bolmagy-da ähtimal.

Bu açyş iguanodontlar baradaky maglumatlary has-da baýlaşdyrdy. Olar, esasan, ösümlik bilen iýmitlenen dinozawrlar bolup, käbir görnüşleriniň öň aýaklaryndaky başam barmaklarynda özboluşly tikenler bar eken. Mundan öň Angliýanyň günortasynda tapylan şeýle galyndylaryň köpüsi iguanodonlara ýa-da mantellizawrlara degişli edilýärdi. Täze tapyndy bolsa bu dinozawrlaryň ozal çak edilişinden hem has köp görnüşiniň bolandygyny görkezýär.

Paludohadros proudlovii irki hek döwründe batgalyk ýerlerde ýaşapdyr. Onuň urug ady latyn dilindäki «palus» — «batgalyk» diýen sözden gelip çykýar.

Dinozawryň görnüş ady bolsa galyndylaryň tapylan kerpiç zawodynyň işgäri Will Praudlawyň hatyrasyna goýlupdyr. Ol zawodda ýönekeý işçiden başlap, dolandyryjy wezipesine çenli ýetipdir. Emma gazuw-agtaryş işleri başlanmazyndan biraz öň, bary-ýogy 35 ýaşynda aradan çykypdyr. Aýaly Reýçeliň aýtmagyna görä, Will galyndylar bilen gyzyklanypdyr we toýun käninde täze açyşlaryň edilmegine hemişe sabyrsyzlyk bilen garaşypdyr.

«Gynansak-da, bu dinozawryň galyndylary Will aradan çykandan bir ýyl soň tapyldy. Emma şondan bäri onuň taryhy biziň durmuşymyzyň bir bölegine öwrüldi» diýip, Reýçel belleýär.

2001-nji ýylda bu maşgalany hem gazuw-agtaryş işlerine tomaşa etmäge çagyrypdyrlar. Indi, çärýek asyrdan soň, Williň ady ylmy açyşlaryň taryhyna ýazyldy.

Ylmy barlagyň netijeleri Journal of Systematic Palaeontology žurnalynda çap edildi.