Dinozawrlaryň ata-babalarynyň nädip aýaga galandygy anyklandy: muňa millionlarça ýyl gerek boldy

Düýn, 17:052,784
1 / 4

Ýaýraň aýaklardan göni ýörişe geçmek üçin dinozawrlaryň ata-babalaryna millionlarça ýyl gerek bolupdyr.

Şeýle netijä Italiýadaky Dolomit Alp daglaryndaky gadymy yzlary öwrenen Berliniň tebigy taryh muzeýiniň Lorenso Markettiniň ýolbaşçylygyndaky paleontologlary geldi. Olaryň işiniň netijeleri «Palaeontology» ylmy žurnalynda çap edildi.

Alymlar Bletterbah geoparkyndaky gatap galan aýak yzlaryny öwrendi. Bu yzlar dinozawrlaryň ata-babalaryny we olaryň ýakyn garyndaşlaryny öz içine alýan gadymy süýrenijilere — arhozawromorflara degişlidir. Yzlaryň şekilini haýwanlaryň anatomiýasy bilen deňeşdirip, hünärmenler olary iri ýyrtyjy süýrenijiler eritrozuhidler bilen baglanyşdyrdy.

Esasy mesele haýwanlaryň öz aýaklaryny nädip goýandyklaryny bilmekdi. Takmynan, 250–260 million ýyl ozal olaryň el-aýaklary häzirki hažžyklaryňky ýaly göwresiniň gapdallarynda ýerleşýärdi. Wagtyň geçmegi bilen aýaklar kem-kemden göni bedeniň aşagyna süýşdi. Trias döwrüniň ortalaryna çenli jandarlar eýýäm göni aýaklarynyň üstünde durýardy.

Şonuň bilen birlikde olaryň ýöreýşi hem üýtgedi: dabandaky barmaklar uzaldy, süýrenijiler bolsa tutuş dabanlaryna däl-de, diňe barmaklaryna daýanyp başlady. Öňki aýaklar bolsa kiçeldi. Bu hem ilkinji iki aýakly dinozawrlaryň peýda bolmagynyň başlangyjy boldy.

Gadymy dinozawrlaryň meşhur ýöreýiş aýratynlygy birden bolan ewolýusion böküş bolman, eýsem kem-kemden ýüze çykypdyr.

Süňkleriň hemme ýerde saklanyp galmandygy sebäpli, yzlary öwrenmek aýratyn gymmatly boldy. Süňkler diňe bedeniň gurluşyny, yzlar bolsa haýwanyň hakykatda nähili hereket edendigini görkezýär.