Paleontologlar, takmynan, 120 million ýyl ozal ýaşan ownuk dinozawrlaryň täze görnüşini ýüze çykardylar. Oňa Norellraptor barsboldi diýip at goýdular.
Dinozawra 2025-nji ýylda aradan çykan amerikan paleontology Mark Allen Norelliň we onuň mongol kärdeşi Rinçengiin Barsboldyň hormatyna şeýle at berildi.
Gözlegiň netijeleri Nature žurnalynda çap edildi.

Uzynlygy, takmynan, 57 santimetr bolan, örän gowy ýagdaýda saklanan süňk galyndysy 2023-nji ýylda Hytaýda tapylypdy. Alymlaryň çaklamagyna görä, ol ýaňy bir üç ýaşan, ululyk döwrüne golaýlan dinozawra degişli bolmaly.
Norellraptor barsboldi teropodlar toparyna degişli dromeozawridleriň mikroptorina atly kiçi maşgalasyna girýär. Bu ownuk, ýelekli dinozawrlar öň we art aýaklarynda uçuş ýelekleriniň bolmagy bilen tapawutlanypdyr. Şonuň üçin olarda dört «ganatly» hasaplanylýar.
Gözlegçileriň çaklamagyna görä, bu ganatlar häzirki zaman uçýan süýdemdirijiler ýaly, agaçlaryň arasynda süýşüp hereket etmek üçin ulanylypdyr. Şeýle-de bolsa, alymlar mikroptorina degişli käbir görnüşleriň doly derejede uçup bilen bolmagynyň mümkindigini hem aradan aýyrmaýar.
Täze tapyndynyň esasy ähmiýeti Norellraptor barsboldi görnüşinde uçuş ukybynyň kemala gelmegi bilen baglanyşykly 50-den gowrak anatomiki aýratynlygyň ýüze çykarylmagydyr. Şeýle aýratynlyklaryň käbiri ilkinji guşlaryň ata-babalarynda hem bolupdyr.

Norellraptor barsboldi suratkeşiň göz öňüne getirişinde
Şol bir wagtyň özünde mikroptorinalarda we guşlaryň aslyýetinde şeýle aýratynlyklaryň peýda bolmagynyň yzygiderliligi biri-birinden tapawutlanypdyr. Bu bolsa dinozawrlarda uçuş ukybynyň azyndan iki gezek, biri-birinden garaşsyz ýagdaýda, dürli ewolýusion ýollar arkaly kemala gelen bolmagynyň mümkindigini görkezýär.
Muňa garamazdan, gözlegiň awtorlary bu çaklamany ygtybarly tassyklamak üçin goşmaça barlaglaryň geçirilmelidigini belleýärler.