Halkara alymlar topary Awstraliýada duş gelýän Heteropoda jugulans atly möýüň öň öwrenilen 258 görnüşiň arasynda iň ýüwrügini anyklady. Ol sekuntda 3,59 metre, ýagny sagatda, takmynan, 13 kilometre çenli tizlik bilen ylgap bilýär. Bu barada Science & Vie neşiri habar berýär.
London şäherindäki Imperial kollejiň alymlary we olaryň kärdeşleri möýleriň 64 maşgalasyna degişli 258 görnüşi öwrendiler. Geçirilen tejribeler üçin şol görnüşleriň 162-siniň wekilleri saýlanyp alyndy. Alymlar, ilki bilen, her bir möýüň agramyny ölçediler, soňra bolsa ony ýörite bellikler goýlan kagyzyň üstünde goýup, hereket tizligini anykladylar.
Haýal hereket edýän möýleri ýörite çotga bilen gyjyndyrdylar, iri möýleri gyssamak üçin bolsa gysylan howanyň gysga akymlaryndan peýdalandylar.
Barlagyň netijesinde möýleriň hereket tizliginiň diňe bedeniniň ululygyna bagly däldigi we iň çalt möýleriň aýaklarynyň bedenine görä has uzyn bolýandygy anyklandy. Şol bir wagtda aýaklarynyň ýogynlygy olaryň tizligine düýpli täsir etmedi.
Mundan öň iň ýüwrük möý rekordy Marokkoda duş gelýän Cebrennus rechenbergi görnüşine degişlidi. Ol sekuntda 1,7 metre çenli tizlik bilen hereket edip bilýärdi. Ýöne bu möý adaty ylgaw arkaly däl-de, agdarylyp hereket edýär. Şol sebäpli hünärmenleriň arasynda onuň hereketini ylgamak diýip hasaplamak barada jedeller ýüze çykypdy.
Täze rekordyň eýesi Heteropoda jugulans bolsa möýlere mahsus bolan sekiz aýagy bilen adaty usulda hereket edýär. Agramy, takmynan, 3 gram bolan bu möý öwrenilen görnüşleriň arasynda iň ýüwrük möý hökmünde hasaba alyndy.