Awçylar 125 müň ýyl ozalam zäher ulanypdyr: Saud Arabystanynda täze açyş

Düýn, 12:544,049
1 / 4

Arheologlar Arap ýarym adasynyň günortasynda ýerleşýän Rub al-Hali çölünde ösümliklerden alnan zäherli birleşmeleriň galyndylary bolan daş gurallary tapdylar. Çaklamalara görä, gadymy awçylar bu maddalary şikara çykanlarynda zäher deregine ulanan bolmaly. Şundan ugur alsaň, onda, takmynan, 125 müň ýyllyk taryhy bolan Uruk-al-Juleýba düşelgesindäki bu tapyndylar awçylykda tebigy zäherleriň ulanylandygynyň iň gadymy subutnamasy bolup biler.

Soňky buzlugara döwründe bu ýerdäki gadymy Mundafan kölüniň kenarýakasynda awçylaryň düşelgesi ýerleşipdir. Şol döwürde sebitiň howasy has çygly bolupdyr. Häzirki çöllük ýerleri otluk meýdanlar bilen gurşalan süýji suwly köller we suw howdanlary tutupdyr. Barlagçylaryň çaklamagyna görä, kölüň meýdany 340 inedördül kilometr töweregi, iň çuň ýeri bolsa 29 metre ýetipdir.

Patyşa Abdallah adyndaky Ylym we tehnologiýa uniwersitetinden Frans wan Buhemiň ýolbaşçylygyndaky halkara alymlar topary bu ýerde arheologik barlaglary geçirdi. Netijede, ösümlikleriň we haýwanlaryň 500-den gowrak galyndysy tapyldy. Olaryň arasynda begemotlaryň, düýeleriň, arap oriksleriniň, jerenleriň, düýeguşlaryň hem-de ýitip giden Syncerus antiquus görnüşine degişli öküzleriň süňkleri bar.

Mundan başga-da, arheologlar ölçegi iki santimetrden uly bolan 5511 sany daşdan ýasalan gadymy guraly bir ýere jemlediler. Olaryň tas 98 göterimi lewallua usuly arkaly kremniý daşyndan ýasalan.

Tapyndylaryň ýaşy optiki stimulirlenen lýuminessensiýa, uran-toriý usuly we elektron spin rezonansy arkaly kesgitlendi. Daş gurallary öwrenmek döwlen bölekleriň üç ölçegli şekilini dikeltmek we organiki galyndylary seljermek arkaly amala aşyryldy.

Alymlar 75 sany daş guralyň ýüzünde zäherli Acokanthera schimperi ösümligi bilen baglanyşykly birleşmeleriň yzyny ýüze çykardylar. Bu gurallaryň käbirinde aw awlananda emele gelýän zeperleriň bardygy anyklanyldy.

Barlagçylaryň pikiriçe, gadymy awçylar ösümlikden alnan zäheri aw gurallaryna çalypdyrlar. Emma onuň nähili usul bilen taýýarlanandygyny we ulanylandygyny häzirlikçe anyklamak başartmady.

Eger bu çaklama tassyklansa, onda tapyndylar awçylykda ösümlik zäherleriniň ulanylandygyny görkezýän iň gadymy subutnama bolar. Şu wagta çenli ýaşy, takmynan, 60 müň ýyla deň bolan Günorta Afrikadan tapylan gadymy gurallar bu ugurdaky iň gadymy subutnama hasaplanýardy. Täze açyş zäherlenen aw gurallarynyň ulanylyş taryhyny ýene-de 65 müň ýyl yza süýşürýär.

Şeýle-de bolsa, alymlar, gadymy düşelgede adam süňkleriniň tapylmandygy üçin, bu gurallary hut Homo sapiens görnüşine degişli adamlaryň ulanandygyny doly ykrar etmeýärler. Çünki daş gurallaryň morfologiýasy olaryň adamlaryň haýsy görnüşi tarapyndan ýasalandygyny anyklamaga mümkinçilik bermeýär.

Ylmy barlagyň netijeleri Science žurnalynda çap edildi.