Russiýa bilen Türkmenistanyň bilelikdäki Margiana arheologiýa ekspedisiýasy gadymy Goňurdepe oazisinde gazuw-agtaryş işleriniň nobatdaky tapgyryny tamamlady. Bu işler iki ýyllyk arakesmeden soň iki ýurduň hünärmenleriniň hyzmatdaşlygynyň gaýtadan ýola goýulmagy boldy.
Bu gezekki tapgyrda arheologlar Goňur-20 we Goňur-27 ýadygärliklerinde Marguş ýurdunyň (Baktriýa-Margiana arheologik toplumy) ilatly ýerleriniň gurluşyny öwrenmäge ünsi jemledi. Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Etnologiýa we antropologiýa institutynyň maglumatyna görä, alymlara ilatly ýerleriň serhetlerini takyklamak, gadymy peçleri gazyp açmak, bürünç we daş möhürleri, keramikalary, seýrek duş gelýän oba hojalyk gurallaryny we isgeneleri tapmak başartdy.

Möwsümiň esasy haýran galdyryjy tarapy Goňurdepede ozal duş gelmedik köp gatlakly mazarlaryň açylmagy boldy. Ekspedisiýanyň ýolbaşçysy, Etnologiýa we antropologiýa institutynyň baş ylmy işgäri Nadežda Dubowanyň TASS agentligine habar berşi ýaly, arheologlar ilkinji gezek yzygiderli bäş sany mazardan ybarat bolan bir bitewi toplumy tapdy. Mazarlar bellibir wagt aralygy bilen gezekli-gezegine gazylypdyr: bu ýerde ilki iki sany uly adam, soňra bolsa tapylan zatlary boýunça iň baý bolup çykan çaga jaýlanypdyr. Tapylan ähli artefaktlar Türkmenistanyň muzeýlerine gowşuryldy.

Goňurdepä Köpetdagyň etegindäki Ulugdepe ýadygärliginde işleýän Fransuz arheologik missiýasynyň hünärmenleri hem baryp gördi. Halkara hünärmenler topary kärdeşleri bilen b.e.öňki III–II müňýyllyklarda gadymy göçe-göçlükleriň ýollaryny, söwda ugurlaryny we bürünç öndürmek tehnologiýalaryny maslahatlaşdy.
Taslamanyň 2026-njy ýyldaky nobatdaky tapgyry ýurduň muzeýlerinde tapylan zatlary barlaghana şertlerinde öwrenmekden ybarat bolar, Garagumdaky gazuw-agtaryş işleriniň täze tapgyryna bolsa 2027-nji ýylyň ýazynda girişmek meýilleşdirilýär.