Türkmenistan we Finlýandiýa meteorologiýa, geologik maglumatlary dolandyrmak we ekologik gözegçilik ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerini öwrenýär.
«Neýtralnyý Turkmenistan» gazetiniň habar bermegine görä, bu meseleler Aşgabatda Finlýandiýanyň Geologiýa gullugynyň hem-de Fin meteorologiýa institutynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda geçirilen «Türkmenistanyň ekoulgamyny ösdürmekde döwrebap innowasiýalar» atly klimat we eko-geologik seminarynda maslahatlaşyldy.
Türkmen hünärmenleri milli gidrometeorologiýa we geologiýa gulluklarynyň işi, ulanylýan enjamlar, känleri gözlemek we öwrenmek tehnologiýalary barada gürrüň berdi.
Fin wekiliýeti bolsa klimat barlaglary, howany çaklamak we howanyň hiline gözegçilik etmek ugrunda öz tehnologiýalaryny tanyşdyrdy.
Olaryň biri hem meteorologiýa stansiýalarynyň, radarlaryň we deňiz buýlarynyň maglumatlaryny gaýtadan işleýän SMART-Met sanly çaklama ulgamy boldy. Maglumatlaryň awtomatik usulda täzelenmegi çaklamalary derrew düzetmäge we howply howa hadysalary baradaky duýduryşlary taýýarlamagy çaltlandyrmaga mümkinçilik berýär.
Şeýle hem taraplar CAFIMET (Finlýandiýa — Merkezi Aziýa: meteorologiýa we howa hilini öwreniş gulluklarynyň iş ýörelgelerini sazlaşdyrmak») sebit taslamasyny taýýarlamak meselelerini maslahatlaşdy. Fin meteorologiýa institutynyň taslama menejeri Ýuliýa Warleýiň aýtmagyna görä, taýýarlyk çärelerini Finlýandiýanyň Daşary işler ministrliginiň maliýe goldawy bilen ýakyn wagtda bаşlamak meýilleşdirilýär.
Bu başlangyç Merkezi Aziýanyň bäş döwletine niýetlenen bolup, ilaty we döwlet edaralaryny serhetüsti howanyň hapalanmagy hem-de howply howa hadysalary, şol sanda çägeli we duz-tozanly tupanlar barada habardar etmegi gowulandyrmaga gönükdirilendir. Bu wezipeler BMG-niň 2027-nji ýylyň ahyryna çenli irki duýduryş ulgamlaryny netijeli ösdürmegi göz öňünde tutýan «Hemmeler üçin irki duýduryşlar» atly ählumumy başlangyjyna doly gabat gelýär.
Hyzmatdaşlygyň ýene bir ugry geologik maglumatlary dolandyrmak we mineral serişdeleri kartalaşdyrmak bolup biler. Hususan-da, taraplar Ýewropa Bileleşiginiň hem-de Finlýandiýanyň daşary syýasat edarasynyň goldamagynda Finlýandiýanyň Geologiýa gullugy tarapyndan utgaşdyrylýan Merkezi Aziýada geomaglumatlary dolandyrmagy kämilleşdirmek baradaky taslama seretdi.
Bu başlangyç arkaly geologik maglumatlar bilen işlemegiň döwrebap usullaryny ornaşdyrmak we dag-magdan senagatynda, şol sanda önümçilik galyndylaryny has netijeli peýdalanmagyň hasabyna aýlawly ykdysadyýeti ösdürmäge ýardam bermek göz öňünde tutulýar.
Saparyň çäginde fin hünärmenleri Türkmenistanyň degişli edaralaryna, şol sanda Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Ekologiýa gözegçilik gullugyna hem baryp gördi.