Serhetabat şäheriniň (Mary welaýatynyň Tagtabazar etraby) golaýynda bu sebit üçin seýrek duş gelýän guş — jennet siňekçisi göründi. Soňky gezek ol şäheriň töwereklerinde 1961-nji we 1964-nji ýyllarda resmi taýdan hasaba alnypdy.
Türkmenistanda guşlaryň 410 görnüşi bar, şolardan 39-ysy milli Gyzyl kitaba girizildi. Ýurtda jennet siňekçisiniň adaty ýaşaýan ýeri Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynyň suwly jülgeleri bilen baglanyşyklydyr.
Bu gezek guş gür agaçlar bilen gurşalan guýynyň golaýynda tapyldy. Hünärmenler jennet siňekçisiniň täze ýaşaýan ýerlerini öwrenmek we olary gorag astyna almak tebigatda bu guşlaryň populýasiýasyny saklamaga hem-de köpeltmäge kömek eder diýip hasaplaýar.
Jennet siňekçisi serçeden biraz uludyr. Ol uzyn guýrugy, göze ilip duran hüpügi, şeýle hem goýy gök kellesi we metal öwüşginli bokurdagy bilen tapawutlanýar.
Türkmenistana bu guşlar maý aýynda höwürtgelemäge gelýär, gyşyna bolsa Günorta we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlaryna, Hindistana hem-de Pakistana gidýär. Bathyzda ol 18-nji awgustda göründi.
Şunlukda, olaryň häzirki syn edilmegi milli ornitologiýa üçin seýrek tapyndy boldy we guşlaryň käwagt adaty ugurlarynyň çäklerinden örän uzakda-da peýda bolýandygyny görkezdi.