Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Allaberdi Aşyrow Halkara ylymlar akademiýalarynyň assosiasiýasynyň akademigi saýlandy. Degişli çözgüt 26–28-nji oktýabrda Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherinde geçirilen Halkara ylymlar akademiýalarynyň assosiasiýasynyň Geňeşiniň 39-njy mejlisinde yglan edildi diýip, «Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.
Allaberdi Aşyrowa assosiasiýanyň akademiginiň nyşanlary we diplomy gowşuryldy. Ol öz minnetdarlyk sözünde bu sylagy diňe bir öz işiniň däl, eýsem türkmen alymlarynyň gazanan üstünlikleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň halkara ylmy hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşan goşandynyň ykrarnamasy hökmünde kabul edýändigini nygtady.
Belarus Milli ylymlar akademiýasynyň Prezidiumynyň başlygy Wladimir Karanik tarapyndan açylan Geňeşiň 39-njy mejlisine Belarusyň, Russiýanyň, Hytaýyň, Ermenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Mongoliýanyň, Wýetnamyň we Kubanyň ylymlar akademiýalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdy.

Mejlisde A.Aşyrow «Türkmenistanyň ylmy: ýagdaýy, geljegi, halkara hyzmatdaşlygy» diýen tema boýunça çykyş edip, Türkmenistanda ylmyň ösüşi, TYA-nyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň hem-de Oguz han adyndaky Türkmenistanyň Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň alyp barýan işleri barada gürrüň berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan dünýäniň 40-dan gowrak ýurdy bilen ylmy-tehniki ugurda işjeň hyzmatdaşlyk edýär. 13–15-nji oktýabrda IV Türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumynyň geçirilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmen tarapy assosiasiýadaky hyzmatdaşlaryna täze materiallar we himiki tehnologiýalar, dikeldilýän energetika, ekologiýa we suw serişdeleri, biotehnologiýalar hem-de emeli aň ugurlary boýunça bilelikdäki tagallalary birleşdirmegi, şeýle-de önümçilik tejribeliklerini, bäsleşikleri we okuw taslamalaryny öz içine alýan ýaş alymlary goldamagyň bilelikdäki maksatnamasyny döretmegi teklip etdi.
Şeýle hem 27-nji oktýabrda Global Günortanyň öňdebaryjy alymlarynyň maslahatynyň çäginde geçirilen «Emeli aň we hasaplaýyş ulgamlary» forumynda Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň kafedra müdiri Mukam Ekäýew çykyş etdi. Ol inženerçilikde emeli aňyň ulanylyşy barada aýtdy we grafen nanotehnologiýalary ulgamynda özüniň ylmy işini hödürledi.
Siandaky ylmy çäreleriň maksatnamasy Demirgazyk-Günbatar politehniki uniwersitetiniň barlaghanalary bilen tanyşlyk hem-de ikitaraplaýyn gepleşikler bilen tamamlandy.