Hytaýyň Sinszýan-Uýgur awtonom etrabynda ýörite pterozawrlara – dinozawrlar bilen birlikde, takmynan, 130 million ýyl ozal ýaşan gadymy uçýan süýrenijilere bagyşlanan dünýäde ilkinji muzeý açyldy.
Muzeý ýurduň demirgazyk-günbataryndaky Hami etrabynda gurlupdyr. Alymlaryň eýýäm 20 ýyldan gowrak wagt bäri bu sebitden köp sanly daşlaşan gadymy galyndylary tapýandyklaryny nazara alanyňda, muzeý üçin bu ýeriň saýlanmagy tötänlik däldir.

Ýokardan seredilende, muzeýiň görnüşi çölüň ortasynda ýerleşen pterozawrlaryň ýumurtgalarynyň höwürtgesini ýada salýar. Muzeýde jemi alty sany süýri şekilli zal bar. Sergi meýdançasynyň umumy meýdany 4 600 inedördül metre ýetýär.
Hytaý Ylymlar akademiýasynyň Paleontologiýa we paleoantropologiýa institutynyň hünärmenleri soňky ýigrimi ýylyň dowamynda gazuw-agtaryş işlerinde tapan gymmatlyklaryny muzeýe getirdiler. Esasy gymmatlyklaryň arasynda dünýäde ilkinji gezek üç ölçegli (3D) görnüşde saklanyp galan daşlaşan pterozawr ýumurtgalary we embrionlary bar. Mundan öň olar köpçülige şeýle ýakyndan görkezilmändi.

Muzeýiň eýwanlaryny aýlanyp, bu jandarlaryň hek döwründe nähili ýaşandyklaryna, näme bilen iýmitlenendiklerine we nähili ewolýusiýa geçendiklerine doly düşünip bolýar.
Hytaý Ylymlar akademiýasy institutynyň ýolbaşçysy Sýuý Sin muzeýiň adamlara beýik paleontologik açyşlaryň nähili amala aşyrylýandygyny ýakyndan duýmaga mümkinçilik berýändigini belleýär.
