Arkadag şäherinde Niderlandlaryň Kronenberg şäherinde ahalteke bedewleriniň arasynda atly sport we gözellik bäsleşigi boýunça dünýä çempionatynyň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli dabaraly konsert we agşamlyk nahary guraldy.
«Watan» habarlar gepleşiginde aýdylyşy ýaly, baýramçylyk çärelerine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow maşgala agzalary bilen bilelikde gatnaşdy.
Bu ýerde ahalteke bedewlerine bagyşlanyp geçirilen ýokary derejedäki mejlis tamamlanandan soň, gatnaşyjylar «Arkadag» binasynyň öňündäki meýdança ýygnandy.
Meýdançada döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda dabaraly konsert boldy. Baýramçylyk maksatnamasy sungat ussatlarynyň çykyşlary we ahalteke bedewleriniň halkara ýaryşlaryndaky çykyş pursatlaryny görkezýän wideoşekiller bilen utgaşdy.
Soňra Arkadag şäheriniň asmanyny baýramçylyk feýerwerki bezedi.
Döwlet Baştutany baýramçylyk çärelerine gatnaşyjylary şanly wakalar bilen gutlap, olara işlerinde üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.