Howa şertleri Hytaýyň «Çane-7» Aý missiýasynyň uçuşyna böwet boldy: ol 2027-nji ýyla süýşürildi

Düýn, 20:202,304

Hytaý Aýyň günorta polýusyna uçup, ol ýerde suw buzunyň bardygyny barlamaly bolan «Çane-7» (Cháng'é qīhào) Aý missiýasynyň uçurylyşyny soňa goýdy.

Uçuş 24-nji awgusta meýilleşdirilipdi, ýöne howa şertleri sebäpli missiýa şu ýyl uçurylmaz diýlip, Hytaýyň Dolandyrylýan kosmos uçuşlary maksatnamasy edarasynyň (CMSA) beýanatynda aýdylýar.

«Aýy öwrenmek boýunça Hytaýyň planetalar arasyndaky kosmos stansiýasy bolan «Çane-7» üstümizdäki ýylyň meýilleşdirilen wagtynda uçurylyp bilinmez, çünki muny etmek üçin degişli şertler ýok» – diýip, «Sinhua» agentligi CMSA-nyň habaryny getirýär.

Uçuşyň soňa goýulmagynyň resmi sebäbi Haýnan adasyndaky Wençan kosmodromyna tupanyň golaýlaşmagy boldy. Indi täze uçuş penjiresi diňe birnäçe aýdan soň kesgitlener, şol sebäpli missiýa Aýa tarap diňe 2027-nji ýylda ýola düşüp biler.

Uçuşy «Çançžen-5» göteriji raketasy ýerine ýetirmeli. Möhlet uçuş ýolunyň aýratynlyklary, kosmodromyň ýerleşýän ýeri, raketanyň tehniki görkezijileri we peýdaly ýüküň agramy — 8,2 tonna bilen çäklenendir.

«Çane-7» orbital we gonuş modullaryndan, Aýda ýöreýän enjamdan we bökýän gözleg zondundan ybarat bolar. Gonuş enjamy Aýyň günorta polýusyndaky Şeklton krateriniň ýanynda gonmaly. Alymlar krateriň hemişe kölege düşýän ýerlerinde suw buzunyň uly ätiýaçlygynyň bolup biljekdigini çaklaýar.

Zond kölegeli zolaklary öwrener, galan enjamlar bolsa Aýyň üstüni, toprak gatlagyny, magnit meýdanyny we beýleki aýratynlyklaryny öwrenmek bilen meşgullanar.

Missiýanyň enjamlarynda Hytaýyň we beýleki ýurtlaryň hünärmenleri tarapyndan döredilen jemi 21 sany ylmy abzal ýerleşdiriler.

«Çane-7»-den soňky nobatdaky missiýa 2028–2029-njy ýyllarda goýberilmegi meýilleşdirilýän «Çane-8» bolmaly. Onuň wezipeleriniň hataryna Aý topragyndan desgalary gurmak tehnologiýalaryny barlagdan geçirmek girýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.