2200 ýyl öň galdyrylan barmak yzlary Terrakota goşunyny kimleriň ýasandygyny görkezdi

Şu gün, 13:113,748
1 / 4

Arheologlar 2200 ýyldan gowrak wagt geçenden soň, Hytaýyň ilkinji imperatory Sin Şihuandiniň (Qin Shi Huangdi) guburyny goramak üçin döredilen meşhur Terrakota goşunynyň heýkellerini ýasan ussalaryň kimler bolandygy barada täze maglumatlary ýüze çykardylar.

Şu wagta çenli 8000-den gowrak esgeriň heýkeli diňe uly ýaşly erkekler tarapyndan ýasalandyr diýlip çak edilýärdi. Emma Journal of Cultural Heritage neşirinde çap edilen täze ylmy barlag işi bu garaýşyň biraz yrgadygyny görkezdi.

Sin Şihuandiniň mawzoleý muzeýinden arheolog Sýaosi Liniň ýolbaşçylygyndaky alymlar topary arheologik toplumyň bir böleginden tapylan 36 sany esgeriň heýkelini öwrendiler. Heýkelleriň ýüzünde jemi 91 sany barmak yzy tapylyp, olardan gaýtalanýanlary aýrylandan soň, seljerme üçin jemi 79-sy galdy.

Barmak yzlarynyň köpüsi ussalaryň çig palçyga şekil beren, dürli bölekleri birleşdiren we olaryň birleşýän ýerlerini tekizlän wagtynda galypdyr. Beýleki yzlar bolsa bezeg bölekleri oturdylanda, hususan-da, sowutlaryň üstündäki çüýe meňzeş bezegler we guşaklaryň bölekleri ýasalanda emele gelipdir.

Yzlary galdyran adamlaryň ýaşyny we jynsyny çaklamak üçin alymlar barmaklaryň ýüzündäki papilýar çyzyklaryň, ýagny barmak yzlarynyň özboluşly şekilini emele getirýän çyzyklaryň arasyndaky giňligi ölçediler.

Adam ulaldygyça bu çyzyklaryň aralygy hem giňeýär. Ortaça alanyňda, uly ýaşly erkeklerde bu görkeziji aýallaryňkydan birneme ýokary bolýar. Emma dürli toparlaryň görkezijileriniň biri-birine gabat gelýändigi sebäpli, her bir yz boýunça ony galdyran adamyň ýaşyny we jynsyny aýratynlykda anyklamak mümkin däl.

Şonuň üçin alymlar ähli nusgadaky dürli demografik toparlaryň ähtimal paýyny hasaplaýan algoritmi ulandylar.

Hasaplamalaryň netijesinde barmak yzlarynyň paýy şeýle boldy:

  • 45% — uly ýaşly erkeklere degişli;

  • 32,7% — uly ýaşly aýallara degişli;

  • 22,3% — 15 ýaşdan kiçi çagalara we ýetginjeklere degişli.

Bu netijeler Sin nesilşalygynyň döwründäki döwlet ussahanalary barada taryhy çeşmelerde berilýän maglumatlara laýyk gelýär. Şol çeşmelerde hem aýdylyşy ýaly, ussahanalarda erkekleriň, aýallaryň we ýaş şägirtleriň bilelikde işlän bolmagy ähtimal. Şunda ýetginjeklere bezeg böleklerini oturtmak ýaly has ýönekeý işler tabşyrylyp, tejribeli ussalar bolsa önümçiligiň has çylşyrymly tapgyrlaryny ýerine ýetiren bolmaly.

Şeýle-de bolsa, barlagyň birnäçe möhüm çäklendirmesi bar. Barmak yzlarynyň hemmesi toplumyň diňe bir bölegindäki 36 sany heýkeliň ýüzünden tapyldy. Şonuň üçin alnan netijeleri Terrakota goşunynyň ähli heýkellerine degişli edip bolmaz.

Mundan başga-da, barmak yzlarynyň sanyny işçileriň sanyna deň getirjek bolmak nädogrudyr. Sebäbi käbir ussalaryň palçygyň ýüzünde, beýlekilere garanyňda, has köp yz galdyran bolmagy-da mümkin.

Muňa garamazdan, bu ylmy iş meşhur esgerleriň döredilmegine gatnaşan adamlaryň düzüminiň öň çak edilişinden has dürli-dürli bolandygyny görkezýän biologik subutnamalary hödürledi. Gözlegçiler gadymy ussahanalaryň nähili işleýändigini has takyk anyklamak üçin geljekde has köp barmak yzyny öwrenmegi meýilleşdirýärler.

Terrakota goşuny 1974-nji ýylda guýy gazýan hytaýly daýhanlar tarapyndan, imperatoryň guburyndan, takmynan, bir ýarym kilometr uzaklykda tapyldy.

Häzirki wagta çenli bu toplumda 8000 çemesi esgeriň heýkeliniň, 520 aty bolan 130 söweş arabasynyň we atly goşun üçin niýetlenen ýene-de 150 atyň bardygy mälimdir.

Bu açyş gadymy Hytaýda şeýle ägirt uly taslamanyň diňe erkek ussalaryň güýüne daýanman, eýsem aýallaryň we ýaş şägirtleriň gatnaşmagynda hem amala aşyrylan bolmagynyň ahmaldygyny görkezýändigi bilen ähmiýetlidir. Şeýle-de bolsa, bu çaklamany has giň möçberde tassyklamak üçin ýene-de goşmaça barlaglaryň geçirilmegi zerur bolup durýar.

Terrakota toplumynyň jaýlanan ýerleriniň ep-esli böleginiň şu güne çenli gazylman galandygyny hem bellemek gerek.