Türkiýede aşyk sülüp, pal atmak üçin ulanylan gadymy ýazgy tapyldy

Şu gün, 09:171,783
1 / 5

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Kibira şäherinde arheologlar biziň eýýamymyzyň II–III asyrlaryna degişli, pal atmak üçin ulanylan daş ýadygärligi tapdylar. Onuň ýüzünde gadymy grek dilinde 56 sany gurrandazlyk ýazgysy saklanyp galypdyr.

Gadymy döwürde adamlar saglyk, pul ýa-da sapar-syýahat bilen bagly bilmek isleýän soraglaryna jogap almak üçin bäş sany haýwan süňküni sülüp, daşda ýazlanlaryň arasyndan özlerine degişli jogaby gözläpdirler.

Beýikligi 1,24 metre deň bolan hek daşyndan ýasalan ýadygärlik 2024-nji ýylda şäheriň esasy märeke meýdançasy bolan agoranyň üçünji eýwanynda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda tapyldy. Bu barlagyň netijeleri ýakynda Gephyra žurnalynda çap edildi.

Adamlar gurra taşlamak üçin goýnuň, geçiniň we göläniň aşyk süňklerini ulanypdyrlar. Her süňküň dört tarapy bolup, olar 1, 3, 4 we 6-lyk sanlary aňladypdyr. Bäş aşygam sülnenden soň, düşen sanlaryň kombinasiýasy ýadygärlige ýazylan 56 jogabyň biri bilen deňeşdirilipdir (gurrandazlarda hasap çykarylyşynyň özboluşly kadasy bolupdyr).

Mysal üçin, bäş sany 1-lik sanyň düşmegi Zews hudaýy bilen baglanyşdyrylypdyr. Bu jogap paýhasy we bagty wada beripdir. Beýleki gurra jogaplarynyň arasynda keselden gutulmak we abatlyk wada berýänleri ýa-da ýolçulykda we söwdada şowsuzlyklara uçraýmagyň mümkindigi barada duýdurýanlary-da bolupdyr.

Jogaplaryň köpüsi gadymy grek şygryýetinde ulanylan «geksametr» goşgy ölçeginde ýazylypdyr. Ýadygärligiň ýokarky bölegindäki ýazgyda onuň gurulmagyna şäherli baýlaryň biriniň hemaýat berendigi aýdylýar. Gurrandazlyk üçin niýetlenen bu toplumyň düzümine syýahatçylaryň, söwdanyň we bije arkaly pal atmagyň howandary hasaplanan Hermes hudaýynyň heýkeli hem giripdir.

Ýadygärlik ilkibaşda agorada ýa-da onuň golaýynda ýerleşendir diýlip güman edilýär. Soňra ol ybadathananyň demirgazyk diwaryna örülipdir. 

Şunuň ýaly pal atmak üçin niýetlenen ýadygärlikler Anadolunyň beýleki şäherlerinde hem bolupdyr. Emma Kibira şäherinden tapylan bu ýadygärligiň tapawutly tarapy, sütündäki ýazgylaryň ählisiniň şu güne çenli mese-mälim saklanyp galmagydyr.