Türkiýede gaýalaryň arasynda gadymy Ýazylykaýanyň diwarynyň bir bölegi tapyldy

Şu gün, 11:112,955
1 / 3

Türkiýäniň merkezinde arheologlar Midas galasy hökmünde hem belli bolan Ýazylykaýa gadymy obasynyň gorag diwarynyň bir bölegini tapdy. Diwaryň saklanyp galan böleginiň beýikligi 2,6 metre ýetýär. Bu tapyndy frigiýalylaryň ilatly ýeri goramak üçin tebigy relýefden nähili peýdalanandygyny görkezýär.

Diwar gowy işlenen daş bölekleriniň dört hataryndan ybarat. Ol belentligi gurşap alýan gaýa çykytlarynyň arasyndaky gowşak geçelgäni baglapdyr. Şonuň netijesinde gurluşykçylara tutuş perimetr boýunça üznüksiz diwary galdyrmak gerek bolmandyr: dik gaýalaryň ýeterlik bolan ýerinde olar tebigy goragy ulanypdyr, açyk ýerleri bolsa daş örümi bilen berkidipdir.

«Frigiýa gurluşykçylary tutuş belentligi emeli diwar bilen gurşap almaga synanyşman, ýerli geologiýany gorag ulgamynyň bir bölegi hökmünde ulanypdyr» diýip, gazuw-agtaryş işleriniň ýolbaşçysy, Anadolu uniwersitetiniň professory Ýusuf Polat gürrüň berdi.

Mundan öň hünärmenler berkitmeleriň gurluşyny, esasan, gaýa jynsynda galan yzlar: oýuklar, basgançak binýatlary we daş bölekleri üçin deşikler boýunça kesgitleýärdi. Galanyň günorta-gündogar tarapynda hem diwarlaryň saklanyp galan uly bolmadyk bölekleri tapyldy.

Gazuw işleri geçirilen çukurda arheologlar b.e.öňki VIII–VII asyrlara degişli keramikany tapdy. Polatyň aýtmagyna görä, ol tapylan diwaryň senesini takyk kesgitlemäge mümkinçilik bermeýär, ýöne belentligiň töweregindäki geçelgeleri berkitmek we ýapmak işleriniň b.e.öňki VII asyrdan soň hem dowam eden bolmagynyň mümkindigini görkezýär.

Ýazylykaýa çuň jülgeleriň we dik tuf gaýalarynyň arasynda tebigy taýdan goralan belentlikde ýerleşipdir. Şäher diňe bir gala bolman, eýsem frigiýalylaryň möhüm mukaddes ýeri hem bolupdyr. Bu ýerde gaýada ýazylan gadymy frigiýa ýazgylary bolan Midas ýadygärligi, şeýle hem keramatly meýdançalar, gowaklar, suw howdanlary we beýleki desgalar saklanyp galypdyr.