ABŞ-nyň Wiskonsin ştatyndaky Pýuoki kölüniň düýbünde zibilleri arassalaýan meýletinçi guwwas Mark Şahtner gadymy gaýyk tapdy. Radiouglerod barlagy onuň biziň eýýamymyzyň 992–1049-njy ýyllary aralygynda, özi-de ak meşe agajyndan ýasalandygyny görkezdi. Bu barada Smithsonianmag.com neşiri habar berýär.
«4 Seasons Scuba Divers» guwwaslar klubunyň agzasy Şahtner suwdan çykmagynyň öň ýanynda agaçdandygy bildirýän uzyn bir zada gözi düşendigini aýdýar. Şahtner ilkibaşda oňa agaç sütüni ýa-da balyk tutmak üçin ulanylýan esbapdyr öýtse-de, tiz wagtdan onuň gaýykdygyna göz ýetirýär. Şondan soň ol derhal tapyndynyň ýerleşýän ýeriniň salgysyny belläp, Wiskonsin taryhy jemgyýetiniň deňiz arheologiýasy boýunça hünärmeni Tamara Tomsen bilen habarlaşýar. Bäş gün geçenden soň bolsa, Şahtner hünärmen bilen bilelikde gaýygy ölçemek, surata düşürmek, seljermek, şeýle-de agaç nusgasyny almak üçin şol ýere gaýtadan barýar.

Gaýygyň uzynlygy, takmynan, 5,3 metre, ini bolsa 55 santimetre deň. Onuň durky gowy saklanypdyr. Gaýygyň içiniň gyrmança we çäge bilen dolmagy ony daşky täsirlerden gorapdyr. Tamara Tomseniň belleýşi ýaly, şeýle gadymy gaýygyň şu güne çenli saklanyp galmagy örän seýrek duş gelýän ýagdaýdyr.
Alymlar bu tapyndynyň Tokaý medeniýetiniň giçki döwrüne degişlidigini çaklaýarlar. Şol döwürde şeýle gaýygy ýasamak üçin köp zähmet siňdirilipdir. Ussalar agaç sütüniniň içini el bilen oýupdyrlar. Olaryň munuň üçin daş gurallardan ýa-da mollýuskalaryň gabyklaryndan peýdalanan bolmaklary hem ähtimal. Ondan soňra agajy otda gyzdyrmak arkaly işläpdirler.
Alymlaryň çaklamagyna görä, mundan müň ýyl ozal kölüň çägi häzirki ýagdaýyndan tapawutlanypdyr. Şu nukdaýnazardan, gaýyk eýeleriniň ony soňra alyp gitmek niýeti bilen kenarda galdyran bolmaklary mümkin.

Pýuoki kölünde şeýle tapyndy ilkinji gezek ýüze çykarylýar. Goňşy Mendota kölünde bolsa biraz öň gadymy döwürlere degişli 16 sany gaýyk tapylypdyr.
Ştatyň ýerli ilatynyň islegine görä, tapylan gaýyk öňki ýerinde – suw astynda galdyrylar. Bu onuň taryhy gymmatlygyny gorap saklamaga mümkinçilik berer. Tapyndynyň takyk ýerleşýän ýeri bolsa köpçülikden ýaşyryn saklanýar.