Özbegistanyň Jizak welaýatynda daş eýýamyna degişli ýerler we 30-a golaý gadymy gaýa suratlary (petroglifler) tapyldy. Bu barada ýurduň Medeni miras agentliginiň metbugat gullugy habar berýär.
Hünärmenler Zaamin etrabynyň (tuman) birnäçe çäklerinde geçirilen barlaglaryň dowamynda daş eýýamyna degişli täze arheologik desgalary tapdy. Deslapky maglumatlara görä, Aççy obasynyň gündogar böleginde paleolit eýýamyna degişli gadymy adamlaryň ýaşan ýeri, Peşagor obasynda bolsa neolit eýýamyna degişli ýer hasaba alyndy. Şeýle hem Aççy obasynyň günbatar böleginde we Arža obasynyň çäginde neolit eýýamyna degişli arheologik tapyndylaryň ýerleşýän ýerleri ýüze çykaryldy.
Bu bolsa gadymy jemgyýetleriň uzak taryhy döwürleriň dowamynda Zaamin oazisinde we Türküstan gerşiniň bu böleginde ýaşandyklaryny hem-de bu çägi yzygiderli ulanandyklaryny aňladýar.
Mundan başga-da, Şaraf Raşidow etrabynyň Rawot obasynyň töwereginde geçirilen meýdan gözleg-barlag işleriniň dowamynda gaýa şekilleriniň (petroglifleriň) täze toplumy ýüze çykaryldy. Ýedi sany slanesli gaýanyň ýüzünde 30-a golaý petroglif tapyldy.
Olaryň arasynda awçynyň, dag geçisiniň, iri şahly mallaryň, itiň, Güni aňladýan nyşanlaryň şekilleri, şeýle hem ýaýdan ok atýan awçynyň şekili bar. Deslapky maglumatlara görä, suratlar bürünç eýýamyndan tä irki Orta asyrlara çenli döwre degişlidir.
Bellenilişi ýaly, ýüze çykarylan arheologik desgalar we petroglifler Jizak oazisiniň hem-de Türküstan dag gerşiniň gadymy taryhyny, hususan-da, gadymy jemgyýetleriň ýaşaýyş durmuşyny we göçüp-gonuşyny, şeýle hem bu çäklerde bolup geçen medeni ýagdaýlary öwrenmekde uly ylmy ähmiýete eýedir.