Türkiýeli arheologlar Stambul şäherindäki Aýýa-Sofiýa metjidiniň (Keramatly Sofiýa ybadathanasy) aşagynda ýerleşýän gadymy ýerasty ulgamyň gurluşy barada täze maglumatlary ýüze çykardylar. 2025-nji ýylyň fewral aýynda başlanan giň gerimli arassalaýyş we barlag işleri wagtynda ýer astyndan, takmynan, 3000 tonna palçyk we dürli galyndylar çykaryldy. Netijede, alymlar toplumyň ozal baryp bolmaýan ýerlerine hem ýetmäge mümkinçilik tapdylar.
Täze açyşlar barada alymlar Open Archaeology žurnalynda gürrüň berdiler.
Häzirki Aýýa-Sofiýa binasy Wizantiýa imperatory Ýustinian I-niň döwründe, 532–537-nji ýyllarda gurlupdyr. Şeýle-de bolsa, desganyň aşagynda, takmynan, 1 600 ýyllyk taryhy bolan şäher infrastrukturasynyň has gadymy bölekleri saklanyp galypdyr.

Arheologlaryň maglumatlaryna görä, ýerasty geçelgeleriň bir bölegi suw paýlamak we ýagyş suwlaryny deňze akdyrmak üçin ulanylypdyr. Bu ulgam özara birleşýän köp sanly böleklerden ybarat çylşyrymly gurluşa eýe bolupdyr. Şeýle-de bolsa, käbir otaglaryň we geçelgeleriň näme maksat bilen ulanylandygy entek belli däl.
Häzirki barlaglaryň dowamynda hünärmenler V asyra degişli bolmagy ähtimal gadymy rim köçesi bilen baglanyşykly ýerasty desganyň tas 170 metre golaý bölegini arassaladylar. Şeýle hem 1946-njy ýylda ýüze çykarylan gubur toplumyny öwrenmek işlerini dowam etdirdiler. Ýerasty desganyň ýokarky we aşaky otaglary toprakdan hem-de dürli çökündilerden arassalanylandan soň, alymlar ýene-de 1,5 metr çuňlugyna gazuw-barlag işlerini geçirdiler.

Alymlaryň aýratyn ünsüni özüne çeken zatlaryň biri-de, şahalanýan ýerasty geçelgeler boldy. Çak edilişine görä, olaryň käbiri has soňraky döwürlerde özara birleşdirilen bolmaly. Geçelgeleriň birinde gönüburçly görnüşdäki sekiz sany oýuk we adaty bolmadyk gümmezli örtükler tapyldy. Emma olarda keramiki turbalaryň ýoklugy, alymlary bu ýeriň suw geçiriji hökmünde däl-de, başga maksatlar üçin ulanylan bolmagy mümkin diýen pikire iterýär.
