Arheologlar häzirki Türkiýäniň gadymy het şäheri Samuhada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň barşynda 131 sany ýazgyly toýun tagtajygyny we olaryň böleklerini tapdylar. Gazuw-agtaryş işleriniň netijeleri barada Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý özüniň X sosial torundaky sahypasynda gürrüň berdi.
Resminamalar biziň eýýamymyzdan öňki XV asyryň ortalaryna, Tudhaliýa II-niň patyşalyk eden döwrüne degişlidir. Geçen ýylky tapyndylar bilen birlikde, arhiwde häzir 184 tagtajyk bar - bu XXI asyrda tapylan het tekstleriniň iň uly toplumy hasaplanýar.
Gazuw-agtaryş işleri Siwas welaýatyndaky Kaýalypynar şäherçesiniň golaýynda geçirildi. Tekstler het we hurrit dillerinde ýazylyp, döwlet işlerine, harby wakalara we dini däp-dessurlara bagyşlanypdyr.
Resminamalaryň arasynda şäherden-şähere ýaýran, esasan hem, çagalara ýokaşan epidemiýanyň beýany bar. Bir tagtajykda şa gyzynyň keseli, ölümi we soňraky jaýlanyş dessury barada gürrüň berilýär.

Ýene bir tekstde het harby ýolbaşçylarynyň patyşa ýüzlenmesi bolup, onda Anadolunyň günbatarynda howpy yzyna serpikdirmek üçin goşun, at we araba ibermegi haýyş edilýär. Generallar howp barada duýduryş beripdirler we kömekçi güýçler gelmese, şowsuzlygyň ýüz berjekdigini öňünden belläp geçipdirler.
Şeýle hem arhiwde palçylyk, däp-dessurlar we dogalar baradaky ýazgylar bar. Hususan-da, Samuhada öňräk tapylan tagtajyklar guşlaryň özüni alyp barşyna esaslanýan çaklamalary beýan edýär.
Täze resminamalar alymlara hetleriň dini ynançlaryny, ýazuw medeniýetini we döwlet gurluşyny has giňişleýin öwrenmäge kömek eder.
Samuha Tudhaliýa II-niň hökümdarlyk eden döwründe şa galasy we möhüm dini merkez hökmünde hyzmat edipdir. Şäheriň howandary Sauska hudaýy hasaplanyp, ol hurrit dini däbi bilen baglanyşykly bolupdyr.