Aý kiçelip, ýüzünde müňlerçe täze jaýryk peýda boldy

Şu gün, 14:441,160
1 / 2

Alymlar Aýda 10 müňden gowrak ýaş tektoniki jaýrygy ýüze çykardylar we onuň içki gatlaklarynyň sowamagy netijesinde näderejede kiçelendigini anykladylar. Ylmy barlagyň netijelerine görä, soňky 400–800 million ýylyň dowamynda Aýyň radiusy, takmynan, 45 metre çenli gysgalypdyr.

Barlagyň netijeleri The Planetary Science Journal atly ylmy žurnalda çap edildi.

Barlaga Smitson institutynyň Milli howa we kosmos muzeýiniň Ýeri we planetalary öwreniş merkeziniň hormatly ylmy işgäri Tomas Wotters ýolbaşçylyk etdi. Alymlar NASA-nyň Lunar Reconnaissance Orbiter atly Aýyň daşyndan aýlanýan enjamyndaky LROC kamerasy arkaly düşürilen suratlary öwrendiler. Şol suratlaryň esasynda Aýyň gabygy gysylanda we süýşende emele gelýän kert basgançaklaryň hem-de kiçi gerişleriň takyk kartasyny düzdüler. Şeýle jaýryklar Aýyň daglyk sebitlerinde-de, garaňky düzlüklerinde-de ýüze çykaryldy.

Eger Aýyň radiusy hemişelik tizlik bilen kiçelen bolsa, onda ol her million ýylda 6–11 santimetr gysgalypdyr. Bu bolsa ýylda, takmynan, 0,1 mikrometre deňdir. Deňeşdirip aýtsak, Ýerdäki tektoniki plitalar ýylda ortaça 1,5 santimetr süýşýär.

Aý absolýut gaty jisimi emele getirmek bilen, Ýerden tapawutlylykda, onda tektoniki we seýsmiki hereketleriň esasy bölegi jemlenýän plitalaryň araçäkleri ýok. Şonuň üçin onuň ýüzündäki gysylma sebäpli emele gelen jaýryklar giň çäge ýaýraýar. Muňa garamazdan, alymlar tektoniki hereketleriň has işjeň geçýän sebitlerini hem anykladylar. Gabygy öte galyň bolan ýerlerde bolsa jaýryklar az duş gelýär.

Alymlar Aýda ýaş jaýryklaryň köpçülikleýin emele gelmegi onuň taryhynyň has soňky döwürlerinde başlanypdyr diýip çaklaýarlar. Galyň, jaýryklanan we öýjükli gurluşa eýe bolan gabyk Aýyň içki bölegindäki ýylylygy saklap, onuň sowamagyny haýalladan bolmagy mümkin. Aý ýylylygyny ýitirdigiçe, gysylmagyny dowam etdirýär we onuň üstki gurluşy hem üýtgeýär.

«LROC kamerasynyň suratlarynda ýüze çykarylan ýaş jaýryklaryň sany meniň garaşyşymdan has köp boldy» diýip, Tomas Wotters aýratyn belleýär.

Alym Aýyň mundan beýläk hem sowadygy saýy, ozal emele gelen jaýryklaryň ulalyp, täzeleriň peýda boljakdygyny belleýär. Diýmek, Ýeriň tebigy hemrasynda tektoniki hereketler heniz hem dowam edýär. Ýöne bu hadysalar, Ýerdäkä garanyňda, has haýal geçýär.