Bütin dünýäde populýasiýalarynyň azalmagy sebäpli saýrak guşlar öz adaty owazlaryny ýatdan çykaryp başlady. Bu ýagdaý käbir erkek guşlaryň öz jübütini tapmagyny hem-de öz çägini goramagyny kynlaşdyrýar. «The Guardian» neşiriniň habar bermegine görä, alymlar emeli aň we kompýuter modelleriniň kömegi bilen guşlara öwretmek üçin ýitirilen owazlary dikeltmegi başardy.
Üýtgeşik tejribe Buenos-Aýresde şäher uniwersitetiniň professory Gabriel Mindliniň ýolbaşçylygynda geçirildi. Argentinaly fizikler kompýuter modeliniň kömegi bilen çypar serçäniň aýdymyny täzeden döretdi, ýerli guşlar ony baryp 1960-njy ýyllarda ýerine ýetiripdi. Ýöne wagtyň geçmegi bilen owaz şäher seýilgähinde ýaşaýan guşlaryň dilinden ýitipdi, şol sebäpli alymlar ony gadymy elýazma ýazgylary boýunça dikeltdi. Döredilen ses sebitdäki guşlara diňledildi. Üç aýdan soň diýen ýaly erkek guşlaryň biri unudylan şol aýdymyň käbir böleklerini gaýtalamaga başlady.
Gabriel Mindliniň habar bermegine görä, häzirki wagtda tejribäniň geçirilen ýeriniň golaýynda bu owazy birnäçe guş ýerine ýetirýär.
Bu mesele, ilkinji nobatda, wokal başarnyklaryny uly nesilden öwrenýän, takmynan, 4 000 guş görnüşine degişlidir. Adatça, jüýjeler saýramagy öz kakalaryndan ýa-da goňşularyndan öwrenip, ýaşaýan ýerine mahsus bolan «dialektleri» özleşdirýär. Ýöne uly guşlaryň sanynyň azalmagy sebäpli, ýaş guşlar halypasyz galyp, adaty däl sesleri çykaryp ýa-da keseki sesleri göçürip başlaýar.

Urkaçy guşlaryň bolsa öz görnüşine we çägine mahsus çylşyrymly kompozisiýalary ýerine ýetirýän ýaranlary saýlaýandygy sebäpli, bu ýagdaý guşlaryň köpelmegine ters täsirini ýetirýär. Mundan başga-da, ýokary hilli saýrama çägi bäsdeşlerden goramaga kömek edýär we saýlanjak guşuň fiziki taýdan gowy ýagdaýdadygyny görkezýär.
Ýöne adaty ses ýazgylary hemişe janly halypanyň ornuny tutup bilmeýär. Käbir jüýjelere uly guşlar bilen aragatnaşyk saklamak zerur, ýabany halypalary bendilikde saklamak bolsa stres ýagdaýyna getirip, keselleriň ýaýramak töwekgelçiligini ýüze çykarýar.
Şol sebäpli hünärmenler geljekde hakyky wagt tertibinde öwretmegi üpjün edýän emeli aňyň olaryň ornuny tutup biljekdigini çaklaýar. Şol bir wagtyň özünde, biologlar ýerli guş «dialektleriniň» ýazgylaryny saklap galmaga çagyrýar, çünki olar günlerde bir gün ýitip giden owazlary dikeltmek üçin gerek bolup biler.