Adamyň garramagynyň syryny öwrenmek üçin kosmosa beýni we ýürek dokumalary iberiler

Şu gün, 11:402,088

SpaceX CRS-35 missiýasynyň çäginde Halkara kosmos stansiýasyna ilkinji gezek adam beýnisiniň we ýüreginiň bioinženerlik usuly bilen döredilen dokumalary iberiler.

ABŞ-nyň Ikan lukmançylyk mekdebiniň alymlary orbitada geçiriljek synaglaryň kömegi bilen mikrograwitasiýanyň we kosmos radiasiýasynyň bedeniň garramagyny nähili tizleşdirýändigini öwrenmegi maksat edinýärler.

Kosmosa iki dürli ylmy işläp taýýarlama iberiler:

  • miBrain — adamyň kök öýjüklerinden ösdürilip ýetişdirilen beýniniň kiçi nusgasy. Ol neýronlary, astrositleri, immun öýjüklerini we gan damarlaryny öz içine alýar. Bu bolsa beýniniň çylşyrymly gurluşyny has takyk gaýtalamaga mümkinçilik berýär.
  • µCVchip — donor öýjüklerinden alnan, işleýän ýürek organoidleri ýerleşdirilen mikroçip. Agramsyzlyk şertlerinde awtomatlaşdyrylan barlaghana her gün dokumalara elektrik impulslary arkaly täsir ýetirer, dürli synaglary geçirer we mikroskopda öwrenmek üçin nusgalary ýygnar.

Kosmos uçuşynyň şertleri adam bedeninde çalt garrama çalymdaş üýtgeşmeleri döredýär. Orbitada öýjükleriň zaýalanyşyna edilýän gözegçilik alymlara genetiki töwekgelçilik faktorlarynyň, hususan-da, APOE4 geniniň Ýerdäki adamlarda neýrodegeneratiw keselleriň döremegine nähili täsir edýändigine düşünmäge kömek eder.

NASA-nyň öňki missiýalarynyň birinde alymlar ýürek myşsasynyň aýry-aýry öýjükleriniň ýaşap galmak ukybyny eýýäm barlapdylar. Täze synag bolsa kosmosda uzak wagt bolmagyň doly kemala gelen gan damarlary we neýron ulgamlarynyň işine nähili täsir edýändigini kesgitlemäge mümkinçilik berer.