«Loki» hyýary we beýleki jandarlar: Atlantikanyň düýbünden 57 sany näbelli görnüş tapyldy

Düýn, 09:093,286
1 / 7

Halkara gözlegçiler topary çuň suwda ýaşaýan, ylymda öň näbelli bolan 57 sany täze görnüşiň üstüni açdy.

Uly göwrümli ekspedisiýa Argentinanyň kenaryndaky Mar-del-Plata kanýonynda — ýyly subtropiki akymlaryň sowuk we ýokumly maddalara baý bolan suwlar bilen kesişýän özboluşly umman «çatrygynda» geçirildi.

Kanýon äpetligi bilen hem haýran galdyrýar: onuň çuňlugy 3,35 kilometre ýetýär, bu ABŞ-daky meşhur Uly kanýondan, takmynan, iki esse çuňdur. Ekspedisiýany Nippon Foundation-Nekton Ocean Census gaznasy we Şmidt adyndaky Okeanologiýa instituty gurady. Latyn Amerikasyndan we Ýewropadan gelen ýigrimi hünärmen suwasty robotlaryň ýygnan nusgalaryny öwrendiler.

Iň görnükli tapyndylaryň arasynda 2,5 kilometrden gowrak çuňlukda ösýän Peniagone urugyna degişli adaty bolmadyk deňiz hyýary bar. Alymlar oňa skandinaw hilegärlik hudaýynyň şahyny ýatladýan ösüntgileri üçin «Loki» lakamny berdiler.

Şeýle hem biologlar ýygnalan materialyň diňe 10 göterimini öwrenmek bilen, kiçijik deňiz leňňeçşekillileriniň (kopepodlaryň) 20 täze görnüşiniň we 14 sany deňiz merjen görnüşiniň üstüni açdylar. Olaryň arasynda 1800 metre golaý çuňlukda tapylan Orstomisis urugyna degişli açyk mämişi reňkli merjen we seýrek duş gelýän Pseudumbellula deňiz ýelegi bar.

Bu sanawa jemi 22 sany tikenderililer, 20 sany leňňeçşekilliler, 14 sany iňňeli görnüş we bir sany mollýuska girdi.

Janly organizmleriň bäş sany düýbünden täze urugynyň açylmagy ylym üçin aýratyn ähmiýetli boldy.

Ähli maglumatlar Ocean Census NOVA ylmy goruna girizildi. Alymlaryň sözlerine görä, bu jandarlary öwrenmek çuň suw ekoulgamlarynyň nähili emele gelýändigine we ýer ýüzüniň iň az öwrenilen künjeklerinde durmuşyň nähili gurnalandygyna düşünmäge kömek eder.