Himiýa boýunça Nobel baýragy tebigatyň wajyp syryny öwrenen alymlara berildi

Düýn, 23:191,172
1 / 2

Stokgolmda himiýa boýunça Nobel baýragynyň eýeleri yglan edildi. 2026-njy ýylda bu abraýly baýraga «Assimetrik organiki sintezde çyzyksyz täsirleri we awtokatalizi açandyklary üçin» fransiýaly Anri Kagan we ýaponiýaly Kenso Soai mynasyp boldy.

Nobel komitetiniň web-sahypasynda bellenilişi ýaly, alymlar janly tebigatyň himiki assimetriýasynyň nähili ýüze çykandygy baradaky soraga jogap bermegi başardy.

Uzak wagtyň dowamynda adaty himiki reaksiýalarda bir izomeriň beýlekisinden artykmaçlygyny almak mümkin däl diýip hasaplanýardy, emma laureatlaryň barlaglary muny inkär etdi.

Şeýle-de Nobel baýragynyň eýeleriniň açyşy himiklere sintez prosesini gerekli ugra gönükdirip, diňe peýdaly molekula görnüşini almaga we howply «goşa» görnüşleriň döremegini aradan aýyrmaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa derman önümçiligi üçin örän möhümdir.

2025-nji ýylda himiýa boýunça Nobel baýragyna alymlar Riçard Robson, Susumu Kitagawa we Omar Ýagi «metal-organiki karkas gurluşlary işläp taýýarlandyklary üçin» mynasyp bolupdy.

Indi ýene-de üç ugur boýunça Nobel baýragynyň eýeleriniň atlaryny bilmek galdy. 8-nji oktýabrda edebiýat boýunça laureat, 9-njy oktýabrda Osloda parahatçylyk boýunça baýragyň eýesi, 12-nji oktýabrda bolsa Şwesiýanyň Döwlet banky tarapyndan 1968-nji ýylda döredilen Alfred Nobeliň hatyrasyna ykdysadyýet boýunça baýragyň kime gowşuryljakdygy mälim bolar.

Mundan öň lukmançylyk we fiziologiýa ulgamynda, şeýle hem fizika boýunça Nobel baýragynyň eýeleriniň atlary yglan edilipdi.