Her ýyl 2 million adamda ragyň döremegine diňe 5 ýokanç sebäp bolýar

01.10.2026, 19:5611,237

Jemgyýetde rak keseliniň döremek howpy, köplenç, çilim çekmek, spirtli içgileri içmek we fiziki işjeňligiň pes bolmagy ýaly durmuş endikleri bilen baglanyşdyrylýar. Emma The Lancet Oncology žurnalynda çap edilen giň gerimli gözlegiň netijeleri 2024-nji ýylda hasaba alnan ähli täze rak keselleriniň 12 göteriminiň, ýagny 2,3 million ýagdaýyň ýokançlar sebäpli ýüze çykandygyny görkezdi.

Bu ýagdaýlaryň aglabasy bäş sany esasy ýokanç döredijiniň täsiri bilen baglanyşykly:

  • Helicobacter pylori — aşgazanda ýaşaýan we dünýäde her iki adamdan birinde duş gelýän ýokanç. Ol 760 müň täze rak keseliniň, ýagny ähli ýagdaýlaryň 4 göteriminiň sebäbi boldy.
  • Adam papilloma wirusy (HPV) — 750 müň ýagdaýyň ýa-da ähli täze hasaba alnanlaryň 4 göteriminde keseliň döremegine sebäp boldy.
  • B we C gepatit wiruslary, şeýle hem Epşteýn-Barr ýokanjy (EBV) — galan ýagdaýlaryň esasy sebäpleridir. EBV-niň çişleriň döremegindäki orny diňe soňky ýyllarda geçirilen barlaglarda has anyk tassyklanyldy.

Şeýle ýokançlar bilen bagly rak keselleriniň, takmynan, 75 göterimi girdejisi pes we orta derejeli ýurtlarda ýüze çykýar. Ähli ýagdaýlaryň 42 göterimi bolsa Gündogar Aziýa ýurtlaryna düşýär.

Alymlaryň çykaran esasy netijesine görä, ýokançlar bilen bagly rak keselleriniň köpüsiniň öňüni alyp bolýar. HPV we B gepatitine garşy täsirli sanjymlar eýýäm bar. Hünärmenler erkekleriň arasynda hem bu sanjymlaryň has giňden geçirilmelidigini belleýär.

Şol bir wagtyň özünde, ulularyň, takmynan, 95 göterimine ýokaşýan Helicobacter pylori we EBV-ýe garşy häzirlikçe gorag sanjymlary ýok. Şeýle-de bolsa, bu ugurda degişli sanjymlary döretmek boýunça synaglar alnyp barylýar.

Gözlegiň esasy awtory Harriýet Ramgeýiň bellemegine görä, keseliň öňüni almak üçin zerur çäreleriň köpüsi eýýäm belli, ýöne maliýe we jemgyýetçilik päsgelçilikleri sebäpli olar ýeterlik derejede giňden ulanylmaýar.