Alymlar diş syrçasyny dikeltmäge ukyply gel döretdiler

Şu gün, 09:513,143
1 / 2

Nottingem uniwersitetiniň alymlary zeper ýeten diş syrçasynyň mineral gurluşyny dikeltmäge ukyply belok örtügini işläp düzdüler. Bu barada Nature Communications ylmy žurnalynda çap edilen barlaga salgylanýan Science Daily neşiri habar berýär.

Diş syrçasy adam bedenindäki iň gaty dokumadyr. Emma diş emele gelenden soň, ol tebigy ýagdaýda öz-özünden dikelip bilmeýär. Onuň berkligi diňe bir düzümindäki minerallara däl, eýsem, kristallaryň dürs ýerleşişine hem baglydyr.

Täze geliň esasy bolup elastinpisint belok molekulalary hyzmat edýär. Olar diş emele gelýän döwründe syrçanyň ösüş ugruny kesgitleýän tebigy gurluşyň wezipesini ýerine ýetirýär. Netijede, apatitiň kristallary gerekli ugurda ýerleşip, dişiň ýüzüne berk ýelmeşýär.

Synaglar adam dişleriniň nusgalarynda geçirildi. Alymlar galyňlygy 10 mikrometre çenli ýetýän minerallaşan gatlagy emele getirmegi başardylar. Olar täze gatlagyň gurluşyny, mehaniki berkligini, kislotalaryň täsirine durnuklylygyny we gündelik durmuşda ýüze çykýan agramlara çydamlylygyny barladylar.

Täze usuly dürli derejede zeper ýeten diş ýüzlerini bejermekde, şol sanda syrçanyň aşagynda ýerleşýän dentin gatlagy açylanda hem ulanmak bolýar.

Geljekde bu tehnologiýa zaýalanan diş syrçasyny bejermekde we dişleriň aşa duýgurlygyny ýeňletmekde hem ýaramly bolup biler.